Pakistan metjidindäki partlamada ölenleriň sany 88-e ýetdi
Pakistanyň Peşawar şäherindäki metjidiň içinde janyndan geçenleriň bomba partlatmasynda ölenleriň sany azyndan 88 adama ýetdi diýip, resmiler aýtdy.
Resmileriň AÝ/AR-nyň Maşaal radiosyna aýtmaklaryna görä, hüjümde ölenleriň we ýaraly bolan 157 adamyň köpüsi polisiýa ofiseri.
Ýaralananlaryň onlarçasy golaýdaky keselhanalara ýerleşdirildi diýip, polisiýa ofiseri aýtdy.
Şaýatlar Maşaal radiosyna ymamyň arkasynda, birinji hatarda namaza duran janyndan geçen bombaçylaryň 30-njy ýanwarda, polisiýa liniýasynyň metjidinde günortan namazyna ýygnanan adamlaryň arasynda partlaýjy keltekçelerini partladandygyny aýtdy.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Tehrik-e Talyban Pakistan" (TTP) ady bilen tanalýan pakistan talybanlary öz üstüne aldy. Radikal topar soňky 15 ýylda Pakistanda pitneçilik urşuny alyp barýar.