Elektrik awtoulaglary Ýewropada rekord bazar paýyny gazandy
Sebitiň ýangyçda işleýän awtoulaglaryndan dynmak ugrunda edýän tagallalrynyň çäginde, 1-nji fewraldaky senagat görkezijileriniň tassyklamagyna görä, elektrikde işleýän awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginde täze bazar paýy rekordyny goýdy.
Ýewropanyň Awtoulag öndürijiler birleşiginiň (ACEA) maglumatyna görä, batareýa bilen işleýän elektrik awtoulaglary täze awtoulag satuwynyň 12,1%-ni düzdi. 2021-nji ýylda bu görkeziji 9,1%, 2019-njy ýylda 1,9% bolupdy.
27 döwletden durýan bileleşigiň 2050-nji ýyla çenli ugleroda bagly bolmadyk ykdysadyýet gurmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde, 2035-nji ýyldan başlap täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satylmagyny gadagan etmek barada ylalaşyk gazanyldy.
1,1 milliondan gowrak ulagyň satylmagy bilen, geçen ýyl elektrik ulaglarynyň satuwy 28% ýokarlandy.