Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Norwegiýa türkmen hökümetinden Gulgeldi Annanyýazow baradaky sowalyna jogaba garaşýar  

Norwegiýanyň hökümeti Türkmenistandan syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyny we maşgalasynyň ýanyna Norwegiýa goýberilmegini sorady. Türkmen tarapy jogap bermek barada tas iki aýa golaý wagt mundan öň beren wadasyny henizem ýerine ýetirmändir. Bu barada adam hukuklary boýunça "Norwegiýanyň Helsinki komiteti" Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Türkmenistanda 15 ýyla golaý wagt bäri tussaglykda saklanýan Gulgeldi Annanyýazowyň ykbalyna ýokary derejede yzygiderli üns berilýär. Türkmen dissidentiniň ýagdaýy soňky gezek dekabr aýynda Aşgabatda gozgaldy.

"Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň" başlygy Iwar Dale Norwegiýanyň ilçisi Jon Mikal Kwistadanyň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen 8-nji dekabrda Aşgabatda geçiren gepleşigi barada şeýle gürrüň berdi: "Soňky gezek Norwegiýanyň Türkmenistan boýunça ilçisi Gulgeldi Annanyýazowyň işini Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen Aşgabatda gürleşdi. Ol Annanyýazowyň boşadylmagyny we Norwegiýa maşgalasynyň ýanyna gitmegine rugsat berilmegini göni sorady. Emma jogap bolmady".

Iwar Dale türkmen resmisi Wepa Hajyýewiň Norwegiýa tarapynyň sowalyna "jogap bilen gaýdyp geljegini" mälim edendigini, emma şondan biri hiç hili jogabyň bolmandygy belledi. Ol adam hukuklaryny goraýjylaryň türkmen hökümetinden onuň goýberilmegini ençeme gezek sorandygyny we bu meseläniň ähli ýerde gozgamak mümkinçiligini ulanýandygyny, BMG-ä we Norwegiýanyň daşary işler ministrligine yzygiderli ýüzlenýändigini aýtdy.

"Norwegiýanyň Helsinki Kometeti" 63 ýaşly Gulgeldi Anannyýazowyň jan-saglygyna uly alada bildirýär we Türkmenistanda adamlaryň ortaça ýaşynyň 68 ýaş bilen çäklenýändigine ünsi çekýär.

"Biz ony tussag edileli biri alada edýäris. Men Gulgeldi Annanyýazow bilen onuň Türkmenistana gitmeginiň öňýany duşuşdym. Ýadyňyzda bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan badyna Türkmenistan demokratik görnüşli bir režime öwrüljege biraz meňzedi. Gulgeldi şonda ýurda baryp, muňa gatnaşmak isledi. Emma ol baran badyna tussag edildi we serhedi bikanun kesmekde aýyplanyp, höküm edildi. Şondan soň uzak wagtlap doly ýitirim boldy. Biz onuň diridigini hem bilmedik. Diňe soňabaka onuň 11 ýyl türmä höküm edilendigi we möhletiniň gutarmagynyň öňýany goşmaça sürgünlige iberilendigi belli boldy. Ol demirgazykdaky şäherçä ugradylyp, oňa ýene goşmaça 5 ýyl kesildi. Biz onuň ykbalyna gaty aladalanýarys. Men oňa ilkini gezek duşanymda ol 46 ýaşyndady, häzir ol 63 ýaşynda. Biz türkmen hökümetiniň ony tussaglykda müdimilik saklamak niýetiniň bolmagyndan gitdigiçe köp howatyrlanýarys" diýip, Iwar Dale aýtdy.

Gulgeldi Annanyýaziowyň ykbaly barada Norwegiýanyň ilçisiniň beren sowalyna türkmen resmilerinden häzirlikçe jogap bolmady. Şol bir wagtda-da Annanyýazowyň ykbaly barada käbir maglumatlar Türkmenistanyň BMG-de fewralyň aýagynda diňlenjek hasabatyna goşulypdyr. Bu dokumentde, hususan-da şeýle diýilýär: "2019-njy ýylyň 12-nji martynda esasy hökümiň möhleti gutarandan soň, G. Annanyyazow goşmaça jeza çekmek üçin (belli bir sebitde bäş ýyl ýaşamak) Garabogaz şäherine iberildi we ýaşaýan ýerinde ýaşaýyş jaýlarynyň işleýşi boýunça bölümde işçi edilip, aýlykly işe ýerleşdirildi.

Dünýä ýurtlarynyň adam hukuklary boýunça gol çeken halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine syn etmek üçin geçirilýän döwürleýin hasabatlarynyň nobatdaky diňlenişigi 27-nji fewralda gecirler. Türkmenistanyň berjek hasabaty Müsür, Peru, Şri Lanka we Zambiýa bilen bilelikde diňlener.

Gulgeldi Annanyýazow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy geçirilen parahat protestiň guramaçylarynyň biri. Ol 1996-njy ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilip, halkara basyşlary esasynda azatlyga çykyp Norwegiýada syýasy gaçybatalga alypdy. 2007-nji ýylda Türkmenistanda häkimiýet çalyşansoň ýurda baran Annanyýazow tussaglykda saklanýar.

Gulgeldi Annanyýazowň ykbaly halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galýar. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary bilen bir hatarda günbatar hökümetleri onuň ykbalyna ünsi çekýärler.

2021-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň dört kanun çykaryjysy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýörite hat iberip, türkmen türmelerindäki syýasy tussaglaryň, boşadylmagyna çagyryş etdi we Gulgeldi Annanyýazowyň ýagdaýyny aýratyn gozgady.

2020-nji ýylyň iýulynda ABŞ-nyň prezidentligine öňki kandidat Mitt Romney bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň 12 senatory syýasy tussaglary, şol sanda Ömruzak Omargulyýew bilen Gulgeldi Annanyýazowy azatlyga goýbermek barada çagyryş etdiler.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Annanyýazowyň tüssaglykdaky 12-nji ýyl dönümine gabat, ABŞ-nyň senatory Bob Menendez Türkmenistanyň hökümetiniň Gulgeldi Annanyýazowy azat etmelidigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Орловщина оказалась рядом с Москвой по росту цен на ЖКХ

Выездной Фотограф для всех желающих, ну и конечно Артистов и Музыкантов.

Сразу прыгнула голой в кровать: Волочкова уединилась с тайным спутником на Мальдивах

Деменко: у «Спартака» мало шансов на чемпионство, они будут бороться за Кубок

Музыкальные новости

Овчинников: «Зенит» психологически не готов драться за титул РПЛ

ЦСКА проиграл «Балтике» в гостевом матче 26-го тура РПЛ

МЧС РФ: в общежитии РУДН в Москве произошло короткое замыкание

Предприниматели из Химок станут участниками проекта «Мой Бизнес»

Новости России

Длинная очередь к кресту: Зою Зелинскую похоронили на Троекуровском кладбище

Гепатолог Богомолов: ожирение может привести к циррозу

Фестиваль ретроавтомобилей прошел в Пущине

Второй магазин в формате «Фермерский островок» открылся в Таганроге в «Пятерочке» на Чехова

Экология в России и мире

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Новые коллекции Gods Passion и Kolchuga

Героическое участие армян в СВО. Часть третья

Как характер влияет на болезни

Спорт в России и мире

Надаль навестил в больнице 16-летнюю российскую теннисистку

Медведев сыграет с Бубликом в Мадриде 

Названы победительницы матчей Рыбакиной и Путинцевой за четвертьфинал турнира в Мадриде

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису

Moscow.media

Актерское агентство Киноактер. Актерское агентство в Москве.

Ученые обнаружили ранний признак рассеянного склероза

Google вложит 2 миллиарда долларов в дата-центр в Индиане

Сегодня свой 70-летний юбилей отмечает Заслуженный спасатель Российской Федерации Пётр Алексеевич Спичев







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *