Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýerleri alnan kärendeçiler prezidentiň daýhanlary gazançly etjegine ynanmaýarlar

Ýerleri alnan kärendeçiler prezidentiň daýhanlary gazançly etjegine ynanmaýarlar

Türkmensitanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda gowaça ekýän raýatlaryň “ähli gerek zatlar bilen” üpjün edilmegini tabşyrdy, ýöne ol soňky 30 ýylda hiç wagt ýerine ýetirilmedik tabşyryklaryň nähili ýerine ýetirilmelidigini, döwleti oba hojalyk syýasatynda hakykatda nämäniň üýtgediljekdigini aýdyňlaşdyrmady. Şu aralykda, Azatlygyň habarçylary bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan daýhanlaryň köpüsi häkimiýetleriň oba adamlarynyň durmuşyny gowulandyrjak, gazanç etmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrjak çäreleri görüp bijeklerine ynanmaýandyklaryny aýtdylar.

TDH-nyň habaryna görä, prezidentiň tabşyrygy sebitlerde pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksadyndan ugur alýar. Şol bir wagtda, gol çekilen kararda öňki iki prezident döwründe pagtaçylykda döredilen emeli kynçylyklar ýa-da netijeliligiň peselmeginiň hakyky sebäpleri, daýhanlaryň sowet döwründäki ýaly erksizlikde, pes gazançda saklanylýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar ýyllar boýy suw, dökün, tehnika ýetmezçiliginden, munuň üstesine döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň juda pes bolmagyndan, şeýle-de dowamly ýokardan berilýän buýruklaryň, görkezmeleriň, dabaraly çäreleriň ýetirýän zyýanyndan, erksizlikden zeýrenýärler.

Eýsem, üçünji prezident döwründe oba hojalygyndaky ýagdaý üýtgäp bilermi ýa-da onuň gowulyga tarap üýtgemegi üçin hakykatda nähili çäreler görülmeli. Azatlygyň habarçylary şu we beýleki soraglar bilen ýerlerdäki daýhanlaryň, kärendeçileriň we başga eklenji bolmadyk adamlaryň özlerine ýüzlendi.

Eýsem, täze prezident oba adamlarynyň durmuşyny gowulaşdyrmak isleýän bolsa, oba hojalygynda nähili özgerişlikler geçirilmeli?

Habarçylar bilen anonimlik şertinde gürleşen oba adamlary “hökümetiň ýagdaýy düzetmekçi bolýandygyna” o diýen ynanmaýandyklaryny bildirdiler.

“Eger hökümet ýagdaýy düzetmekçi bolsa, soňky ýyllarda adamlaryň aglaba böleginiň, onda-da hakyky daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolan bökdençlikleriniň arasynda, ellerindäki potrat ýerlerini alyp, olary köpräk para hödürlän telekeçilere geçirmezdi” diýip, bir daýhan aýtdy.

Türkmenistandaky oýa hojalyk özgertmeleri başda daýhanlara mümkin boldugyça az, 1-2 gektar potrat ýerini bermekden başlandy we, garaşsyz hünärmenler ençeme ýyllap ýeri has köp we uzak möhletli bermek pikirini öňe süreninden soň, ol ýerleri alyp, “iş başarjak adamlara bermek” haýbaty atylyp başlandy. Şeýlelikde, bergili çykýan ýa-da kän gowy netije görkezip bilmeýän daýhanlar ýerlerini eýgermezlikde aýyplandy. Bu aýyplamalar az ýerli daýhanlaryň köpüsiniň ýerleriniň ellerinden alnyp, 30-40 gektardan, başga adamlara berilmegine “esasly bahana” boldy diýip, hünärmenler aýdýar.

Azatlyk bilen gürleşen maryly daýhanlaryň birnäçesi öz ýerleriniň “ömründe daýhançylyk etmedik adamlara, daýhançylykdan başy çykmaýan telekeçilere, para almak arkaly geçirilendigini” gürrüň berdiler.

“Ýerleri ellerinden alynman galan daýhanlardan her ýyl, suw ýetmezçiligi sebäpli 2-3 gezek, nasos döwüldi bahanasy bilen pul ýygnaldy, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ujypsyz bolmagy, dürli bahanalar bilen ýygnalýan pullary eýgermedik daýhanlaryň ellerini işden sowatdy” diýip, biri-birinden bihabar birnäçe kärendeçi şol bir kösençliklerden zeýrendi.

Ýer eýeleriniň tassyklamagyna görä, öten ýyl kärende ýerleriniň köpüsinde ýetişdirilen pagtalaryň hem bir ýüzi ýygylman galdy. Olar munuň sebäbini ýygymçylara her kilogram pagta üçin tölenýän 30 teňňäniň juda az bolmagy, pagta ýygyp gazanylýan puluň çagalaryň çörek puluna hem ýetmezligi bilen düşündirýärler.

“Pagtaçylar potrat ýerlerinde pagta ýygyp, gazanç etjek bolanyňdan başga iş etseler, has düşewüntli hasaplaýandyklaryny aýdýarlar, potratçylaryň arasynda ýerlerine bir ýylyň içinde zordan 1 gezek suw tutandyklaryny, onuňam ýeriň ýarysyna ýetip, galan ýarysyna ýetmändigini aýdýanlar hem köp” diýip, habarçymyz aýtdy.

Potratçylaryň sözlerine görä, gurplurak hasaplanylýan hojalyklaryň arasynda kärende ýerlerine pagtanyň, bugdaýyň gapdalyndan mal otlaryny, iýmlik däneli ekinleri ekip, nasosça, oba başlygyna para bermek bilen, ekinlerini 3-4 gezek suwarýanlary hem bar.

“Biz ýaly garyp daýhandan pul talap etmän, zeýkeşleri gazyp, şor suwlary akdyran bolsalar, ýuwuş suwuny tutmaga mümkinçilik döredip, [ýerleriň] şorlamagyna garşy göreşen bolsadylar, ilkinji prezidentimiz Saparmyrat Nýýazowyň döwürinde bir ýyl edilişi ýaly “birža edip, daýhanlaryň pagta, bugdaý puluny artdyryp beren bolsadylar, onda adamlaryň üstünde hiç bir başlyk hem gerek bolmazdy, özleri ähli pagta hasylyny ýygnap alardy” diýip, azatlyk bilen söhbetdeş bolan kärendeçi giň ýaýran parahorlukdan zeýrendi.

“Häzir nirä seretseň, ellerini serip, pul dileýärler we suw bermän, döküni gerekli mukdaryndan az berip, ýene gerek bolsa pylança möçberde para, pul sorap, ýerleri şorlatdylar, adamlaryň ýere bolan höwesini gaçyrdylar” diýip, ol aýtdy.

“Birža döwründäki ýaly, daýhanlaryň puluny ýetirseler we ...hakyky köne daýhanlaryň potrat ýerlerini gaýtaryp berseler, onda daýhanlaryň özleri bol hasyl almaga höweslener” diýip, habarçymyzyň söhbetdeş bolan adamlary esasy meseläniň ýerleri hakyky ýerde işlejek adamlara däl-de, häkimlikde tanşy, puly bolan adamlara bermek, daýhanlary tehnika, dökün, suw bilen üpjün etmezlik bilen baglydygyny aýtdylar.

Azatlygyň mundan öňki ýyllarda söhbetdeş bolan daýhanlary hem ýer-suw, dökün we tehnika, nyrh, töleg meseleleri dogry çözülse, galan zady daýhanlaryň özleriniň etjekdigini aýdypdylar, häzirki söhbetdeşleri hem şol pikiri gaýtalaýarlar.

“4 tonna pagta, bugdaý hasylyny ýygnap alyp, çekdirmäge baranyňda ilki bilen hapasy, soň çyglygy diýip, terezide kiläňden ýonup, barja eden azabyňy ýere gömmeseler, häzirem bir pille, has gowy bolardy” diýip, adamlar aýdýarlar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň gürleşen adamlary hem, gowy hasyl almak üçin, ilkinji nobatda zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdylar. Häkimiýetleriň her ýyl önüm öndürijiler üçin ähli mümkinçiligiň bolandygy, gowy şertleriň döredilendigi barada gaýtalaýan sözlerinden tapawutlylykda, daýhanlar oba hojalygyndaky şertleriň juda ýaramaz bolmagyndan, gurak gelen ýyllardaky suw üpjünçiliginden kän şikaýat edýärler.

“Gowy hasyl almak üçin, meselem, berilmeli dökün wagtly-wagtynda berilmeli, emma döwlet döküni ýeterlik bermeýär, suw, tehnika üpjünçiligi meselesi hem şeýle, eger döwlet öz üstüne alan işlerini etse, onda gowy hasyl alyp bolar” diýip, ikinji habarçymyzyň birinji söhbetdeş bolan daýhany hem sözüni üpjünçilikden we şertlerden başlady.

Köne daýhançylyk tejribelerinden ugur alynsa, ekin ekiljek ýerler güýzde sürülmeli. Türkmenler ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür diýýärler.

“Dekabr aýynyň birinde hemme ýerler sürlüp, sürlen ýerler gyş paslynyň aýazly howasynda doňsa, hasyl gowy bolýar, emma ekin meýdanlaryna seretseň, şu günlere çenli hem sürülmedik ýerler bar; gowaça çöpleri çapylmadyk, arassalanmadyk ýerler hem bar” diýip, ýene bir kärendeçi Nyýazow döwrüni ýatlady we o mahallar ýerleriň 28-nji noýabrdan soň sürdürilendigini belledi.

“Bu häkimiýetde ýerleriň sürüm işleri ýanwaryň 5-inden başlanýar. Hanha, aýyň 10-undan aýazly howa gelip, ýerler doňdy, tehnika häzir sürüm işlerini geçirip bilmeýär, mundan soň sürlen meýdanlaryň hasyllylygy pes bolar, emma bu problema barada hiç kim dil ýarmaýar, näme üçin?” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sorady we öz soragyna özi jogap berdi.

“Adamlar muny aýtmaga gorkýarlar. Eger-de ýerler wagtynda sürülse, onda agdarylan ýerler ýahlaýar, zyýanly mör-möjekler ölýär” diýip, ol sürlen we doňan ýeriň gowulanýandygyny, “Türkmenistanda birinji problemanyň ýerleriň wagtynda sürülmezligi bilen baglydygyny” nygtady.

Ýöne, ýerleriň wagtynda sürülmezliginden başga, daýhanlar ýene bir möhüm meselä, erkinlige we mynasyp gazanç meselelerine hem ünsi çekdiler.

“Oba [adamlaryna] ilkinji nobatda erkinlik we ýeterlik girdeji almak mümkinçiligi berilse, uly kömek bolardy. häzir daýhan ýylda bir gezek hasyl alyp, döwlete tabşyrýar we ujypsyz pul alýar. Şu sebäpli onda ‘plany doly tabşyrmaga’ hiç hili höwes ýok. Hasaplap görseňiz, dahot (ýyllyk girdeji) 8 müň, 10 müň manat aralygynda. Şol dahody 12 aýa böleňde, her aýa 800 manatdan düşýär. Bu daýhanyň görýän, çekýän azabyna degmeýär...” diýip, habarçy bilen gürleşen daýhanlaryň biri ýygymçynyň zähmet hakyny hem ýer eýesiniň töleýändini sözüne goşdy.

Şeýle-de ol daýhana döwletiň goldaw bermelidigini, bugdaý orlanyndan soň her daýhana 1 ýa 2 gektar ýer bermelidigini, emma olaryň ýerleriniň alnyp, pully, täsirli adamlara berilýändigini, bugdaýdan boşan ýerleriň hem prokuraturanyň goldaýan adamlaryna paýlanylýandygyny, gowaça eken daýhanlara özleri üçin azyk ekinlerini ekmäge mümkinçilik döredilmeýändigini aýtdy.

“Daýhan hiç kime gerek däl, bugdaý hasylyny ýygnap alansoň, şaly, käşir ekip, hasyl alýan raýatlar bar, ýöne hut daýhana berilmän, ýaňky aýdanym, kolhoz başlyklary ýerleriň her gektaryny 20 müňe satýar, 4 aýlyk, o ýeri satyn alan kärendeçi tä güýz paslynyň soňky aýyna çenli peýdalanyp bilýär. Daýhany höweslendirmek üçin hiç hili alada etmeýärler, şu sebäpden, bolany bolsun diýip, daýhanda höwes galmady” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň biri merhum akademik Rejep Baýramowyň 1990-njy ýyllaryň başynda oba hojalygyny üýtgedip gurmak üçin şol wagtky prezidente hödürlän programmasyny ýatlatdy.

Şonda akademik “pagtaçy daýhanlaryň erkini özlerine bermek, gowaçanyň tohumlyk çigidinden başlap, pagta hasylynyň satuwyna çenli ähli ygtyýary daýhanyň öz erkine bermek” meselesini gozgapdy.

Eger döwletiň egirme-dokma fabrikleri üçin pagta gerek bolsa, döwlet ony daýhanyň razylygy bilen, dünýäniň kesgitlän bahasyndan satyn almaly; eger daýhan döwlete ýetişdiren pagtasyny satmak islemese, onuň muňa hem haky bolmaly, döwlet daýhandan diňe ýeriň ulanylandygy üçin bellenen salgydy almaly, daýhan diňe şu ýagdaýda ýeriň hakyky eýesi bolup biler diýip, Rejep Baýramow aýdýardy.

Oba hojalygynda yglan edilen özgertmeler we olaryň başa barmazlygynyň sebäpleri bilen ýakyndan tanyş hünärmeniň Azatlyga aýtmagyna görä, şol döwürde [prezident Saparmyrat] Nyýazow Baýramowyň bu teklibini goldamady.

Hünärmeniň bu aýdanlaryny şol döwürde Nyýazowyň egindeşleriniň biri bolan Nurmuhammet Hanamow hem tassyklaýar we prezidentiň “eger daýhanlara bular ýaly erkinlik bersek, onda halk baýap, bize tabyn bolmagyny bes eder” diýendigini aýdýar.

Şeýle-de hünärmen Baýramowyň 2015-nji ýylda, özara söhbetdeşlikde aýdan sözlerine salgylandy.

“Eger-de şol döwürde, 92-nji, 96-njy ýyllarda daýhanlaryň erki özüne berlen bolanda, olar häzirki ýaly 15 sentner pagta planyny dolup bilmän, müňlerçe gektar suwarymly ýeriň hatardan çykmagyna sebäp bolmazdy, “ak altyn” ýetişdiren daýhan bu derejede garyp... düşmezdi. Daýhanyň hiç hili erki ýok, gowaçany haçan ekmeli, pagtany haçan ýygmaly, bu işleriň gününi hem prezident kesgitleýäp. Beýle ýagdaýdaky oba hojalygynda netije gazanyp bolmaz. Bu birinjiden daýhanyň býujetine uly zyýan, ikinjiden, döwletiň özüne-de uly peýda getirmeýär” diýip, hünärmen Rejep Baýramowyň sözlerini mysal getirdi.

Akademik Baýramowyň pikiriçe, bu ýagdaý oba hojalyk tehnikalarynyň, eýeçilik gözi bilen garalmansoň, çalt hatardan çykmagyma we ýok bolup gitmegine getirýär, ol oba hojalygyndaky ýagdaý diňe daýhana öz hasylyny erkin satmaga rugsat berlen ýagdaýynda düzeler diýýärdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Градусники детям не игрушка: в Новом Уренгое ребенок проглотил ртуть

Паспортный король: задержан организатор канала нелегальной миграции из Афганистана

Суд в Москве арестовал египтянина за кражу сейфа с 80 млн рублей

Тендер на поставку медоборудования в больницу объявили в Одинцове

Музыкальные новости

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

В филиалах АО «Желдорреммаш» прошли памятные мероприятия к 9 Мая

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

Новости России

Тендер на поставку медоборудования в больницу объявили в Одинцове

Капремонт проведут в Орехово-Зуевском железнодорожном техникуме им Бондаренко

В Котельниках открыли Парту героя в честь ветерана Великой Отечественной войны

Суд в Москве арестовал египтянина за кражу сейфа с 80 млн рублей

Экология в России и мире

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Спорт в России и мире

Хачанов вышел в третий круг турнира ATP в Риме

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

Ко Всероссийской акции «Георгиевская ленточка» присоединились сотрудники вневедомственной Росгвардии по Московской области

Осень в Хибинах...

В подмосковном Красногорске открыли движение на подъезде к строящейся детской больнице

Утро на озере...







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *