Öňki harby dolandyryjy Muşarrafyň jesedi Pakistana getiriler
Syýahat gadaganlygy ýatyrylandan soň, bejergi almak üçin 2016-njy ýylda Pakistany terk eden Muşarraf uzak keselden soň, 5-nji fewralda 79 ýaşynda Dubaýda aradan çykdy.
Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýokary derejeli işgärler onuň jesediniň 6-njy fewralda yzyna getirilmegine we giçlik jaýlanmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.