Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda we Maryda suw joşmagyna garşy gyssagly işler alnyp barylýar    

Lebapda we Maryda suw joşmagyna garşy gyssagly işler alnyp barylýar    

Lebap we Mary welaýatlarynda suw howdanlarynyň daşynda kenary berktimek we beýleki ýer işleriniň uly depginde alnyp barylmagy dowam etdirilýär. Bu iki welaýatdaky habarçylarymyz Amyderýanyň we Garagum kanalynyň suwunyň joşmagy howpunyň saklanýandygyny we ilatly ýerlere hem-de möhüm infrastruktura desgalarynyň işine hatar döredýändigini aýdýarlar.

Indi birnäçe gün bäri Lebap welaýatynyň çäginden geçýän Amyderýanyň suwy has ýokarlanyp, daşmak howpuny güýçlendirdi. Bu barada habar berýän Lebapdaky korrespondentlerimiz bu aralykda Garagum kanalynyň kenarlary ýuwulup, kanaldan Mary şäherine barýan suwuň çölüň içine akandygyny gürrüň berýärler.

Garagum kanalynyň kenarlaryny berkitmek we suwyň daşmagynyň öňüni almak üçin Mara Lebapdan ýörite ulaglar we agyr tehnika ugradylypdyr. Şeýle-de, Garagum kanalynyň kenarlaryna gum daşamak üçin ýol gurluşyk iri kompaniýalaryndan ýüzlerçe uly ýük daşaýjy awtoulaglary iberilipdir. Habarçymyz şu sebäpden Türkmenabat-Mary aralygynda alnyp barylýan ýol gurluşyk işleriniň togtandygyny aýtdy. 

"Häzir bu 50 kilometr aralykda Türkmenabatdan Mara tarap asfalt düşelýär. Şol uly ýük daşaýjy awtoulaglaryň hemmesi kömege Garagum kanalyna iberilipdir. Bu tehnika Mary welaýatynyň çäginden geçýän Garagum kanalynyň kenarlaryny galdyrmak üçin gum daşaýarlar" diýip, Lebapdaky habarçymyz ýol gurluşygy şirketiniň wekillerine salgylanyp, habar berýär.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, Garagum kanalynyň suwy mundan 10 gün çemesi öň hem joşupdy we daşyna gümüň içine akypdy. Şonda geçirilen çärelere garamazdan, suwuň öňüni alyp bolmady we netijede Maryda ençeme wagtlap içimlik suwy problemasy döredi. Bu kanalyň suwy Marynyň iri elektrostansiýasyna barýar. Bu uly infrastrukturanyň işi üçin suwuň ýetmezçiligi döredi.

"Suw çölüň içine akansoň sol Mary Gresse hem uly enjamlary sowatmak üçin suw barmady. Suw üpjünçiligi kanaldan doly üzüldi", diýip harçymyz elektrostansiýanyň hünärmenlerine salgylanyp habar berdi.

3-nji fewralda prezident Serdar Berdimuhamedow Garagum kanalyň kenarlaryny berkitmek boýunça birnäçe tabşyryk berdi.

Bu aralykda Mary welaýatynyň özünde ähli etraplardan, şol sanda hususy hojalyklardan ýük daşaýjy awtoulaglar we agyr tehnika Jojukly stansiýasyna ugradylýar.

Şol ulaglar Jojukly demirýol stansiýasyna otly arkaly Ahal welaýatynyň Kaka, Duşak, Sarahs etraplaryndan getirilen çagyl we iri daşlary ýükläp Garagum kanalynyň böwsen kenarlaryna eltýär. Daşlar kenary berkitmek we suwuň akymyny saklamak üçin ulanylýar. Bu ýerde geçirilýän işlere gatnaşýan bilermenler tehnikanyñ ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

"Tehnikanyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli welaýatyň kerpiç zawodlarynda gum daşaýan ýük ulaglaryny hem Jojukly stansiýasyna ugradýarlar. Orsýetden täze tehnikanyň getirilmegine hem garaşylýar. Edara, kärhanalardan hem ýene-de iş güýjüni ugradýarlar. Her gün Jojukly stansiýasyna awtobusly hem otluly mugt iş güýjüni getirýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Suwuň joşmagynyň öňüni almak boýunça işler Maryda geçen hepdeden bäri dowam edýär. Bu işleriň çäginde tas ähli döwlet edaralarynyň erkek işgärleriniň Türkmengalanyň "Üçajy" atly sebitine ýatymlyk ugradylýandygyny 3-nji fewralda habarçymyz gürrüň beripdi.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan suw boýunça bilermenler suw howdanlarynyň ýagdaýyna olaryň düýbiniň, kenar boýlarynyň arassalanmagyna degişli onlarça ýyllap çözülmän gelýän problemalaryň bardygyna ünsi çekýärler. Hususan-da, bilermenler Amyderýanyň 1980-nji ýyldan bäri gazylman, düýbüniň arassalanman gelýändigini aýdýarlar.

"Amyderýadan goňşy Özbegistanam suw içýär. Bu dowlet hem artykmaç pul harajat edesi gelmeýär. Derýanyň Türkmenistanyň çäginden geçýän bilegini türkmen tarapy gazmaly bolýar" diýip anonim gürleşen suw meseleleri boýunça bilermen aýtdy.

Bilermeniň sözlerine görä, Garagum kanaly gazylyp ulanylmaga berilensoň, Amyderýany gazmak işleri zerur derejede geçirilmändir. Başga bir bilermen Amyderýanyň suwgeçirijiligi güýçlendirilse, Garagum kanalyna gerekli suw bolman ondan suw içýän şäherlere Mara we Aşgabada ýeterlik suw barmaz diýen pikiri orta atýar.

Türkmenistanda suw joşmagy problemasynyň döremegi, ýerli häkimiýetleriň şu günler alyp barýan çäreleri we hökümetiň meseleni çözmek üçin göz öňünde tutýan kararlary barada ýerli habar beriş serişdelerinde habar berilmeýär, bilermenleriň gatnaşmagynda diskussiýalar geçirilmeýär. Şeýle-de bolsa, suw joşmagy howpuna duçar bolan Mary welaýatyna soňky bir hepdä golaý wagtyň içinde Türkmenistanyň prezidenti üç gezek baryp gaýtdy.

Azatlygyň habarçylary 31-nji ýanwarda prezident Mara baranda, Mary aeroportundan başlap, GRES şäherçesiniň golaýyndaky elektrik stansiýa çenli aralykdaky ýollaryň ýapylandygyny aýtdylar. Bu sapalar barada resmi maglumatyň ýetmezçiligi ýerli ilat arasynda aladalary artdyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Российская LinkedIn на подходе: «деловая» соцсеть от HeadHunter должна заработать этим летом

Почти 40 километров дорог отремонтируют в Дмитрове в этом году

Обучение по гериатрии прошло в подмосковном госпитале ветеранов войн

МИД РФ выразил протест представителю посольства Великобритании из-за высылки российского атташе

Музыкальные новости

Стартовал финальный этап всероссийского футбольного турнира «Будущее зависит от тебя»

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Каратисты завоевали бронзу на Всероссийских соревнованиях по каратэ «Кубок Танкограда»

Новости России

Слушатели Like FM отправятся на «Дикую Мяту»

Застройщикам расширяют жилплощадь // Минимально допустимые размеры квартир снова в действии

Москвичей предупредили о грозе

Главного кадровика Минобороны поместили на карантин в СИЗО «Лефортово»

Экология в России и мире

Страдания юного Аюша Булчун

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Moscow.media

Под красным куполом

15 мая в системе Следственного комитета Российской Федерации отмечается 157-я годовщина со Дня образования военных следственных органов

Руки-загребуки или парфюм с запахом уголовного дела

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *