Gazagystan Türkiýä bir million dollar möçberinde kömek berer
Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew hökümete heläkçilikli ýer titremesinden ejir çeken Türkiýä gyssagly kömek üçin bir million dollar möçberinde serişde bermegi tabşyrdy diýip, Akorda 8-nji fewralda habar berdi..
Şeýle-de, habarda aýdylmagyna görä, Gazagystanyň ygtyýarly guramalary türk tarapy bilen bilelikde tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýok etmek üçin goşmaça kömek bermek meselesini öwrenýär.
Gazagystanly halas edijilerden we lukmanlardan düzülen 41 adamly topar 7-nji fewralda, ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bermek üçin, Almatydan Türkiýäniň Gaziantep şäherine uçdy.
Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, halas edijiler Ybraýymili sebitinde gözleg we halas ediş işlerine başlady.
Halas ediş topary weýran bolan ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny barlamak üçin iki topara bölündi. Berilýän maglumatlara görä, merhumlaryň jesetleri harabalykdan çykarylýar.