Garagalpak aktiwistleriniň ýene bir toparynyň kazyýet işi başlandy
Özbegistanyň günorta-günbataryndaky Buhara şäheriniň kazyýeti geçen ýyl merkezi aziýa döwletiniň Garagalpagystan awtonom respublikasynda hökümete garşy gurnalan rugsat berilmedik demonstrasiýalara gatnaşmakda aýyplanýan garagalpak aktiwistleriniň ýene 39 sanysyna garşy kazyýet işine başlady.
Özbegistanyň Ýokary kazyýeti 7-nji fewralda aýyplanýanlaryň 20-sini köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda, ýedi adamy sosial düşünişmezlige sebäp bolýan materiallary paýlamakda, ýedi adamy adam bedenine agyr zyýan ýetirmekde, dört adamy bikanun ýarag ulanmakda we bir adamy adam gynamakda we şantaž etmekde günäkärlenendigini aýtdy.
Geçen hepde bu kazyýet garagalpak aktiwistleriniň birinji toparyna, hökümete garşy protestlere gatnaşmakda aýyplanan 22 adama höküm çykardy.
31-nji ýanwarda 21 adam bilen bilelikde azatlykdan mahrum edilen aktiwist Polat Şamşetow dört gün soň tussaglykda aradan çykdy.