Türkmenistan Özbegistandan telewizor import etmekde öňe saýlanýar
Türkmenistan geçen ýyl Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlara çykdy diýip, “Türkmenportal” habar berýär.
Neşiriň çeşmesini görkezmezden beren maglumatyna görä, geçen ýylyň ýanwar -dekabr aýlarynda Özbegistanda öndürilen 2 müň 400 sany telewizor Türkmenistana eksport edilipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan özbek telewizorlaryny satyn almakda 7-nji ýerden orun aldy.
Habarda Özbegistanyň bu döwürde daşarky bazarlara umumy bahasy 43,4 million amerikan dollaryna deň bolan 237,1 müň telewizory ugradandygy aýdylýar.
Bu, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Özbegistanyň telewizor eksportynyň 2 esseden gowrak ýokarlanandygyny görkezýär.
Özbegistandan geçen ýyl iň köp telewizor import eden ýurt Russiýa (146,7 müň) bolupdyr.