Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkan: 'Türkmentelekom' müşderilere arzan we ýokary tizlikli Interneti wada berýär

"Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki edarasynyň işgärleri müşderilere 6 mbit/s tizlikli Internetiň tiz wagtda elýeterli boljakdygyny aýdýarlar. Bu waka Internet azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda Internetiň tizliginiň artdyrylýandygy we bahasynyň arzanladylýandygy barada ilki çap edilen, soňra-da elýetersiz bolan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. Bu aralykda, ýaşaýjylar edaranyň öýlere çekilýän 256 kbit/s tizlikli Internet tarifini ýatyryp, oňa derek täzesini hödürläp başlandygyny aýdýarlar.


"7-nji fewralda Türkmenbaşynyň 'Türkmentelekom' edarasyna Internet tarifleriniň üýtgedilip, tizliginiň artdyryljakdygy we bahalarynyň arzanladyljakdygy hakda tabşyryk gelipdir. Edara işgärleri şol güni bu ýere baran köp müşderä türkmenistanlylar üçin 6 mbit/s tizlikli Internetiň elýeterli boljakdygyny aýtdylar" diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlyk bu barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin "Türkmentelekomyň" Türkmenbaşydaky edarasyna jaň etdi. Ýöne redaksiýanyň 8-nji fewralda eden yzygiderli synanyşyklaryna garamazdan, bu maglumaty ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip boldy.




31-nji ýanwarda ýarym-resmi türkmen neşirlerinde, TikTok sosial ulgamynda we IMO ýaly messenjerlerde häkimiýetleriň 1-nji fewraldan başlap ýurtdaky Internetiň tizligini artdyrýandygy, şeýle-de onuň bahasyny arzanladýandygy barada maglumatlar peýda boldy.


Şonda häzire çenli ilata hödürlenýän Internetiň iň ýokary tizligi 2 mbit/s-a deň bolan ýurtda ulanyjylara 4 mbit/s we 6 mbit/s tizlikdäki Internetiň hem elýeterli boljakdygy aýdyldy.


Emma bu habar 1-nji fewralda düşündirişsiz ähli ýerde elýetersiz boldy.


Şondan soň, bu habary eşiden adamlaryň müňlerçesi 1-nji fewralda "Türkmentelekomyň" Marydaky we Lebapdaky edaralaryna bardy. Şonda edara işgärleri olara bu baradaky "buýrugyň çykandygyny, ýöne degişli Internet bukjalarynyň heniz iberilmändigini" aýtdylar.


Lebapdaky habarçymyz 2-nji fewralda hem adamlaryň yzyny üzmän bu edara barandygyny, şonda ol ýerde azyndan 500 çemesi adamy görendigini hem aýtdy.


" Kassada oturan işgär halys ýadap, 'şol bir soragy berýärsiňiz, irizdiňiz' diýip, gaharly jogap berýär" diýip, habarçy belledi.


Dünýäde iň haýal we iň gymmat Internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistanyň bu ýagdaýlary üýtgetmek planlarynyň durmuşa geçip-geçmejekdigi henize çenli nämälim bolmagynda galýar.


Bu aralykda, türkmenbaşyly ýaşaýjylaryň ençemesi "Türkmentelekomyň" ​öýlere çekilýän 256 kbit/s tizlikli Internet tarifini ýatyrandygyny aýdýarlar. Edara bu hyzmatdan peýdalanýan ýaşaýjylara täze tarif hödürleýär.




"'Türkmentelekomyň' işgärleri Internet hyzmatlaryndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň öýlerine jaň edip, 7-nji fewraldan başlap bu tarifiň üýtgändigini aýtdylar" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.


Onuň sözlerine görä, bahasy 100 manat bolan 256 kbit/s tizlikli Internet tarifini ulananlar 512 kbit/s tizlikli Internet tarifine awtomatik geçirilýär. Ýöne munuň üçin ulanyjylar 180 manat tölemeli bolarlar. Bu tölegi geçirmedik raýatlaryň Internetiniň doly ýapyljakdygy duýdurylýar.


"Maşgala býujeti pes bolan adamlar 100 manat bolan Internet tarifini özleri üçin amatly hasaplaýardylar. Ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köp maşgala üçin 80 manat ep-esli pul bolýar" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.


"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň garamagyndaky ýurduň ýeke-täk Internet prowaýderi bolan "Türkmentelekom" EAK-nyň saýtynda ýokardaky ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar we onda ozalky nyrhlar saklanyp galýar.


Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet arkaly garaşsyz maglumatlary almak mümkinçiliklerini ýyllarboýy çäklendirip gelýärler.


Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *