Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň jaň edip biljek telefon belgileri habar berildi
Türkmenistanyň Türkiýede bolýan raýatlary kömek-maslahatlary we maglumat almak üçin ýörite telefon belgilerine ýüz tutup biler diýip, “Türkmenportal” degişli telefon belgilerini çap etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň telefon belgileri:
(+993 12) 44-56-88;
(+993 12) 44-57-22.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň telefon belgileri:
+90(505)1315685;
+903124417122 (23,24);
tmankara@yahoo.com.
Stambul şäherindäki baş konsullygyň telefon belgileri:
+905375200935;
+902126620221;
stambulconstm2@gmail.com.
Şeýle-de neşir Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Türkiýede bolan güýçli ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna sadaka beriljekdigini habar berýär.
TDH 8-nji fewralda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirendigini habar berdi.
Sosial ulgamlarda ýer titremesinde heläk bolan türkmenistanlylaryň birnäçesiniň ady peýda boldy, emma resmi Aşgabat bu maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.