Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 52% ýokarlandy
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýyl 11,181 milliard ABŞ dollaryndan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Bu görkeziji iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 52% ýokarlanandygyny aňladýar.
Habarda aýdylmagyna görä, Aşgabat bilen Pekiniň özara söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 7,35 milliard ABŞ dollaryndan geçipdir.
Türkmenistan 2022-nji ýylda Hytaýa 10,31 milliarddan gowrak ABŞ dollaryna durýan önüm iberipdir we, öňki ýyllaryň habarlaryndan belli bolşy ýaly, türkmen eksportynyň esasy bölegi tebigy gazdan ybarat bolupdyr.
Türkmenistan geçen ýyl bahasy 867,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan hytaý harytlaryny import etdi diýip, habarda anyklaşdyrylmazdan aýdylýar.