Ozodlik radiosy Özbegistanyň energetika pudagyndaky korrupsiýanyň üstüni açýar
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň geçiren derňewinde Özbegistanyň energiýa pudagynda rus işewürleri, şol sanda prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýarany, tüçjar Gennadiý Timçenko bilen bagly korrupsiýa baradaky içerki aýyplamalaryň üstüni açdy.
Özbeg gullugy (Ozodlik radiosy) tarapyndan geçirilen derňewde özbek we rus insiderleriniň, ýagny içerdäki işgärleriň Özbegistandaky ýüzlerçe gaz ýatagyny nädip gözegçilige alandyklary, girdejili gurluşyk, buraw we eksport hukuklaryna nädip eýe bolandyklary jikme-jik görkezilýär. Elbetde, bu işler köplenç aç-açanlyk ýa-da bäsdeşlik teklipleriniň bolmalygy netijesinde amala aşyrylypdyr.
Derňew netijesine görä, 2020-nji ýylyň ýanwarynda taýýarlanan ýörite içerki hasabat ýurtda gazyň we nebitiň çykarylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe milliard dollarlyk taslamanyň kynçylyklar we syýasy baglanyşykly kompaniýalar tarapyndan aşa ýokarlandyrylan tölegler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny prezident Şawkat Mirziýoýewň administrasiýasyna duýdurypdyr.
Energiýa taslamalary baradaky derňew hasabaty Özbegistanyň soňky onýyllyklarda ýüzbe-ýüz bolan iň sowuk gyşlarynyň birinde, elektrik togunyň we gazyň ýiti ýetmezçiliginiň arasynda ýüze çykdy.
Ozodlik radiosyna elýeterli bolan gizlin pudagara hasabat Mirziýoýewiň hökümetindäki energiýa başlangyçlarynyň nädürs bolandygyny we Merkezi Aziýa ýurdunyň energiýa howpsuzlygyna wehim salýandygyny duýdurypdyr.