Türkiýede şu hepde bolan weýrançylykly ýer titremesinde heläk bolan ilkinji türkmen raýatlary barada maglumatlar gowuşýar. Türkmen häkimiýetleri ýer sarsgynynda ejir çekenleriň arasynda öz raýatlarynyň bardygyny boýun alsalar-da, olaryň sany barada açyk maglumat bermeýär. Bu aralykda, heläkçilikli tebigy harasat Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmenleriň arasynda raýdaşlygy, birek-birege bolan hemaýaty artdyrdy.