Raisi eýranly protestçileriň ýeňilendigini öňe sürýärkä, hakerler onuň çykyşyny kesdi
Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 44-nji ýyl dönüminde eden çykyşynda tutuş ýurtda hökümete garşy protestleriň ýeňlişe sezewar bolandygyny aýtdy.
Onuň 11-nji fewralda eden bu çykyşy Eýranyň şäherlerinde müňlerçe eýranlynyň ýöriş geçiren we ýurt harbylarynyň paýtagt Tähranda käbir tehnikalaryny görkezen mahalyna gabat geldi.
1979-njy ýylda Pahlawi dinastiýasynyň agdarylmagy bilen tamamlanan rewolýusiýanyň ýyl dönümini hatyralamak dabarasy her ýyl 11-nji fewralda geçirilýär. Dabaralaryň köpüsi hökümetiň propagandasy bilen tapawutlanýar.
Raisi 11-nji fewralda Tähranyň "Azadi" meýdanynda eden çykyşynda protestleri nyşana alyp, munuň Eýranyň duşmanlarynyň milletiň gazananlaryny dowam etdirmeginiň öňüni almaga gönükdirilen taslamasydygyny aýtdy.
Bu aralykda, Raisiniň çykyşy döwründe Eýranyň döwlet telewideniýesi bilen baglanyşykly "Telewebion" web teleýaýlymyna gysga wagtlaýyn haker hüjümi edildi diýip, Eýranyň habar beriş serişdeleriniň maglumatynda aýdylýar.
Twitterde çap edilen 44 sekuntlyk wideoda "Edalate Ali" ýa-da "Alynyň adalaty" hakerler topary adamlary geljek hepde geçiriljek ähliumumy protestlere gatnaşmaga we eýranlylary banklardan pullaryny çykarmaga çagyrdy.