Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Derňew: Russiýa we göze ilmeýän syýasy resmiler özbek gaz pudagyndan nädip baýadylar

Derňew: Russiýa we göze ilmeýän syýasy resmiler özbek gaz pudagyndan nädip baýadylar

Özbegistanyň iň sowuk gyşlaryň birinde, gaz we energetika ulgamlarynda bolan heläkçilikler wagtynda, prezident Şawkat Mirziýoýew ýanwar aýynda, ýokary wezipeli resmileri we tehnokratlary bu krizisiň jogapkäri atlandyryp, wezipelerinden boşatdy.

«Men her bir maşgala, sowukdan ejir çekýän her bir adam barada, gaty alada galýan hem biynjalyk bolýaryn – diýip, Şawkat Mirziýoýew 16-njy ýanwarda geçirilen ýygnakda, ýagny Daşkent şäheriniň häkimini wezipesinden boşatmagynyň öň ýany eden çykyşynda aýtdy. – Muny her bir ýolbaşçy hökman duýmalydyr. Şu ýylyň sowugy tutuş ulgamyň ýagdaýyny görkezdi».

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen derňewler Mirziýoýewiň administrasiýasynyň nebit we gaz öndürilişini artdyrmak boýunça abraýly taslamasynyň birnäçe kynçylyklar bilen baglydygyny üç ýyl mundan ozal duýdurylandygyny anyklady. Mundan başga-da, bu taslamalardan esasy peýda görüjileriň atlary äşgär edilmeýän kärhanalar bolup durýandygyny, ony bolsa göze ilmeýän özbek we rus syýasy toparlaryň dolandyrýandygyny, şol sanda olaryň arasynda Wladimir Putine ýakyn milliarderleriň hem bardygyny žurnalistler aýan etdiler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň elinde edaralar arasynda gelnen gizlin ylalaşyklaryň hasabaty bar, ol Mirziýoýewiň administrasiýasy üçin, 2020-nji ýylyň ýanwarynda taýýarlanypdyr. Ol hasabatda prezidentiň energetika maksatnamanyň çäginde, milliardlarça dollarlyk şertnamanyň ýurduň energiýa howpsuzlygyna howp salýandygyny we gaz ýetmezçiligine getirip biljekdigini aýdylýar.

Bu Özbegistanyň energetika pudagy barada birnäçe müň dokumentiň arasyndaky bir gizlin hasabat bolup, ol žurnalistler hem-de Ulster uniwersitetiniň professory Kristian Lasslett bilen birlikde analiz edildi. Bu resminamalar onlarça gizlin hasabaty we söwda şertnamalaryny, şeýle hem dürli ygtyýarlyklaryň ofşor kompaniýalar barada korporatiw maglumatlary hakda, içki hat alyşmalary öz içine alýar.

Bu dokumentlerde Mirziýoýewiň maksatnamasyny amala aşyrmak işleriniň barşynda, özbegistanly we orsýetli göze görünmeýän resmileriniň Özbegistanyň ýüzlerçe gaz we nebit ýataklarynyň gözegçiligini nädip öz ellerine alandygy görkezilýär. Şeýle hem hiç bir bäsdeşlik bolmazdan, bu minerallary peýdalanmak, çykarmak we eksport etmek hukuklaryny öz eline alýarlar.

Galyberse-de, derňew şulary görkezdi:

· rus-özbek içerki gatnaşyklary alyp baran, özbek ýörite gulluklarynyň öňki başlyklary bilen iş gatnaşyklaryny saklap gelen, köpçülige mälim bolmadyk Samarkantdan bolan telekeçi.

· Şol telekeçi – Bahtiyor Fazilow – Mirziýoýewiň energetika maksatnamasy boýunça esasy gurluşyk we gazylyp alynýan kärhanalara gözegçilik edýär.

· Agentlikler arasyndaky toparyň hasabatynda bu kompaniýalar döwlet eýeçiligindäki kompaniýalar bilen deňeşdirilende, öz hyzmatlarynyň bahalaryny aşa ýokarlandyrmakda aýyplanýarlar.

· Özbek gazyny saklaýjy esasy känleriň gözegçiligi rus kompaniýasyna geçirilipdir, onuň nominal eýesi ilkibaşda Sankt-Peterburgdan bolan ýuristiň kömekçisi, megerem, ol Gennadiý Timçenkonyň ynamdar adamy bolmaly, Timçenko bolsa ABŞ-nyň we ÝB-niň sanksiýalary astynda durýar.

Dokumentlerden  görnüşi ýaly, olar gaz ýataklaryny açmak hem ony özleşdirmek işlerine, şeýle hem aňyrsy mälim bolmadyk ofşor kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga hukuk berýär. Ol kompaniýalar bolsa esasan hut Mirziýoýewiň permanlary bilen Kiprde, Singapurda, Hytaýda, Beýik Britaniýada we beýleki döwletlerde hasaba alnypdyr.

Şol bir wagtda Mirziýoýewiň energetika maksatnamasyndan peýdalanyjylaryň arasynda, Kremliň ýakyn we uzak daşary ýurtlarda geosyýasy ýarag hökmünde ulanýan Orsýetiň döwlet energetika giganty Gazprom hem görünýär.

16-njy ýanwarda Daşkentde geçirilen maslahatda, Mirziýoýew Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHG) başlygyna gaz krizisi boýunça işden boşadylan resmiler barada, barlag geçirip başlamagy we "kanun bozulan halatynda, olary berk jogapkärçilige çekmegi" tabşyrandygyny aýtdy.

Bu sözler 2020-nji ýylyň ýanwarynda Mirziýoýewiň administrasiýasyna berlen gizlin hasabatyň netijeleriniň birini gaýtalaýar. Ýöne ol sanawda jenaýatda güman edilýänleriň sany has uzynrakdy.

Ol hasabatda Mirziýoýewe Özbegistanyň Energetika ministrliginiň hem-de "Uzbekneftgaz" döwlet kompaniýasynyň "ähli ýolbaşçylaryny" çalyşmak hem-de döwlete ykdysady zyýan ýetirendigi, şol sanda prezident administrasiýasynyň resmileri bilen ylalaşyk gazanandygy üçin, olary jogapkärçilige çekmek maslahat berilýärdi.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Mirziýoýewiň administrasiýasyna ýüz tutup, şol hasabatyň netijeleri esasynda, Özbegistanyň Energetika ministrliginde we "Uzbekneftgaz" döwlet kärhanasynda görlen çäreler hakda, kommentariýa bermegini haýyş etdi, emma makala çap bolýança hiç hili jogap alyp bilmedi.

Gizlin hasabat

Öňki prezident Yslam Kerimowyň döwründe, Özbegistan Russiýanyň energetika kompaniýalary, şol sanda "Gazprom" bilen gaz çykarmak we gaz geçirijilerini gurmak bilen bagly birnäçe şertnamalara gol çekdi. Emma Kerimow häkimiýet başynda oturan uzak ýyllarynyň dowamynda, Moskwanyň Merkezi Aziýadaky başlangyçlaryndan ägä boldy hem hatda Putiniň döreden Ýewraziýa Ykdysady bileleşigine goşulmakdan ýüz öwürdi.

Kerimow 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda aradan çykandan soň, özbek parlamenti Mirziýoýewi prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji edip bellän badyna Putin bilen "Gazprom" derrew diýen ýaly Özbegistan bilen gatnaşyklaryny ýola goýmaga başladylar.

Olaryň tiz arada Özbegistanyň täze ýolbaşçysynyň ýüzünden, umumy bähbide  gyzyklanma bildirýän ýoldaş tapandygy äşgär boldy.

Şondan soňky aýlarda Mirziýoýew uly umyt bildirilýän özbek gaz känlerinde bilelikdäki kärhanalar arkaly geologiýa barlaglaryny geçirmäge we burawlaýyş işlerini alyp barmaga hukuk berýän degişlilikdäki birnäçe permanlara gol çekdi. Esasan-da, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda, "Uzbekneftgaz" "Gazpromyň" Şweýsariýadaky filialy bilen gol çekişdi.

Mirziýoýew bu bilelikdäki "Natural Gas-Stream" kärhanasyna 3,9 milliard dollarlyk çykdajy bilen bölekleýin "Gazprombank" tarapyndan, 2017-nji ýylyň mart aýynda çykarylan permana laýyklykda, meýilnamany amala aşyrmagy tabşyrdy.

Bu maksatnamanyň esasy maksady "Uzbekneftgaz" döwlet kärhanasynyň gazy öndürmek boýunça ýyllyk ösüş depgininiň 6,3 milliard kub metre barabar bolmagyny gazanmakdy.

Bu maksatnamanyň we beýleki iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek maksady bilen Mirziýoýew 2019-njy ýylyň noýabrynda bölümara iş toparyny döretdi. Olar jemi çykdajysy 39 milliard dollarlyk býujet bilen meýilleşdirilen hem dowam etdirilýän 35 taslamany derňediler. Bu toparyň işi ýagdaýa tanyş bolan dürli çeşmeler tarapyndan tassyklanylýar, şol dokumentleriniň nusgalary Azatlyk Radiosynda bar.

Iş toparynyň öňe süren jemleri döwlet nebit we gaz taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde, ençeme nädogry hasaplamalary, netijesiz işleri, bahalaryň ýokarlanmagyny hem-de döwlet nebit we gaz taslamalaryny amala aşyrmakda aýanlygyň bolmandygyny görkezýär.

Toparyň agzalary – şol sanda döwlet energetika kompaniýalarynyň hünärmenleri, Geologiýa we mineral serişdeler baradaky döwlet komiteti, Hasap palatasy şeýle netijä geldiler; jemi 24,5 milliard dollarlyk býujet bilen dowam edýän 17 taslamanyň ikisi peýdasyz bolupdyr (umumy býujeti 3,9 milliard dollara barabar), alty sanysy "maksada laýyk däl" (jemi býujeti 9 milliard dollar), beýleki galan üçüsine (jemi býujeti 5,8 milliard dollar) düzediş girizmek zerur.

"BP" korporasiýasynyň maglumatlaryna görä, Özbegistanyň subut edilýän gaz gorlarynyň möçberi 800 milliard kub metre barabardyr. Mirziýoýewiň meýilnamasy boýunça gazyň çykarylyşyny ýylda 6,35 milliard kub metr artdyrmak göz öňüne tutulýardy. Iş toparynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, 2018-nji ýylda öndürilen önüm meýilleşdirilen möçberleriň diňe 33%-ni özleşdiripdir.

Sowugyň ýowuzlygy we gaz ýetmezçiliginiň arasynda, dekabr aýynda Özbegistanyň Energetika ministrliginiň ýaýradan beýanatynda, ýer asty baýlygyň azalmagy we gaz çykarmakdaky döreýän heläkçilikler sebäpli «Uzbekneftgaz» önümçiliginiň gaz çykarmak möçberiniň her ýylda peselýändigi aýdylýar.

Ýöne ondan üç ýyl öň iş topary ol ýagdaýa başga baha beripdi. Hasabatda "nebit-gaz pudagynyň durnukly ösüşine päsgel berýän, döwletiň bähbitlerine [sic!] garşy gidýän birnäçe düýpli kemçilikleriň we gödek düzgün bozulmalaryň anyklanandygy" aýdylýar.

Tankytlaryň esasy bölegi Mirziýoýewiň maksatnamasynyň esasy kärendeçileri bolan Eriell Group we Enter Engineering kompaniýalaryna gönükdirilýär. Hasabatyň awtorlary olary hyzmatlaryny aşa gymmat etmekde we subýektlere enjamlary bermek we durkuny täzelemek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmezliginde aýyplaýarlar.

Bu beýanat Boston Consulting Group kompaniýasynyň şol ýylyň başynda eden gizlin barlagy bilen gabat gelýär (onuň nusgasy Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynda bar). Şu hasabatda "Uzbekneftgaz" birleşiginiň subýektlerinde Eriell ýeke-täk kärendeçi-monopolist diýilýär, üstesine-de, onuň araçyllyk etmegi netijesinde, işiň bahalary "Uzbekneftgazyň" özi amala aşyrandakydan iki-dört esse ýokary bolup çykdy diýilýär.

Dürli maliýe maglumatlarynyň analizine görä, Eriell Group we Enter Engineering kompaniýasynyň rus-özbek ulgamynda esasy operatorlardygy öňe sürülýär, ol bolsa Kreml bilen baglanşykly oligarhlary, kanun goraýjy edaralaryň we döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň çagalary, şeýle hem “Gazproma” ýakyn bolan Samarkantdaky işewür toparlary öz içine alýar.

Saýlanan

Eriell Corporation 1999-njy ýylda peýda boldy: ol Pragada Samarkantdan bolan Bahtiýor Fazilow tarapyndan registrasiýa edilipdir. Ilkibaşda kompaniýa Russiýanyň buraw enjamlarynyň Özbegistana satylmagy bilen meşgullanypdyr, soňra onuň özi burawlaýyş işlerini geçirmäge şertnama baglaşýar hem-de "Uzbekneftgaz" bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýuwaş-ýuwaşdan özbek nebit we gaz känlerinde burawlaýyş işlerine eýeçilik edip başlaýar.

2008-nji ýylda Eriell rus bazaryna girýär hem şeýle ägirt uly «Gazprom», «Rosneft», Timçenkonyň «Nowatek» kompaniýasy bilen şertnama baglaşýar. Soňra "Gazprombank" Erielldäki 46% paýy 100 million dollara satyn aldy.

Soňky alty ýylyň içinde Eriell we Enter Engineering ("Gazprombank" bilen bilelikde Fazilowyň eýeçiligindäki başga bir kompaniýa) bilelikde ýa-da aýratynlykda jemi bahasy 23 milliard dollar bolan azyndan dokuz sany esasy nebit we gaz taslamalarynda baş kärendeçiler hökmünde saýlandylar.

Maliýe hasabatlarynyň maglumatlaryna görä, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda iki kompaniýa özbek nebit we gaz ýataklarynda azyndan 1,9 milliard amerikan dollaryna barabar bolan iş üçin, gurluşyk we bejeriş şertnamalaryny baglaşdylar.

Maliýe resminamalaryň görkezmegi boýunça, Eriell kompaniýasynyň ýyllyk gözegçilik edýän girdejisi yzygiderli bir milliard dollara ýetýär. Resminamalara görä, ol Fazilowyň, «Gazprombankyň» we Russiýanyň "AMGA Consulting" kompaniýasynyň bilelikde eýeçiliginde bolup, Timçenkonyň we onuň giýewiniň kärhanasy bilen bir adresde hasaba alnypdyr.

Korporatiw dokumentleriň görkezmegine görä, Fazilow Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki ýolbaşçylaryndan biriniň iki ogly bilen biznes-aragatnaşyk saklaýar.

Russiýada Fazilow MHG-niň polkownigi Umar Ubaýdullaýewiň ogullary Röwşen we Erkin Ubaýdullaýewler hem-de 1991-2018-nji ýyllarda Milli howpsuzlyk gullugyna başlyklyk eden Rustam Inoýatowyň ogly Şarif Inoýatow bilen bilelikde köp sanly kompaniýalarda hyzmatdaşlyk saklaýar.

Fazilowyň Russiýadaky beýleki işewür hyzmatdaşlarynyň arasynda Kirill Matweýew bar, ol "Gazprombank" kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary we 2012-nji ýyldan Eriell Ýolbaşçylyk maslahatynyň başlygy Alekseý Matweýewiň ogly (2022-nji ýylyň maýynda ABŞ-nyň sanksiýa sanawlaryna girizildi).

Ne ýokarda ady tutulanlar, ne-de Alekseý Matweýew we onuň ogly soraga jogap berdi.

Özbegistanyň energiýa pudagyndaky biznes operasiýalary we maliýe bähbitleri barada, Azatlyk Radiosy Fazilowdan kommentariýa soranynda jogap bermedi. Emma häzirki barlaglara gatnaşyjy, Ulster uniwersitetiniň professory Kristian Lasslettyň sowallaryna jogap hökmünde, Fazilow soragyň goýluşynda "düýbünden nädogry, nätakyk we doly däl" maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

Döwletiň bähbidine däl

Eriell we Enter Engineering Fazilowyň we rus işewür toparlarynyň Mirziýoýewiň energetika maksatnamasyndan pul gazanýan diňe bir kompaniýasy däl.

Fazilow Kipriň birnäçe örän abraýly gaz proýektlerinde puly bolan "Altmax" kompaniýasyny esaslandyryjysy we onuň paýdarydyr. Ol Mirziýoýewiň döwründe işe girizildi, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça 4 ýyllyk maksatnama goşuldy.

“Altmax” kompaniýasy «Uzbekneftgaz» bilen bilelikdäki kärhana bolan Natural Gas-Stream kompaniýasynyň 49% girdejisine eýelik edýär. Mirziýoýew maksatnamasynyň operatory wezipesine 3,9 milliard dollarlyk býujeti belledi.

Natural Gas-Stream kompaniýasy «Uzbekneftgaz» we «Gazpromyň» Şweýsar filialy Gas Project Development Central Asia AG tarapyndan döredildi (onuň direktorlar şurasynyň agzalarynyň biri Mattias Warnig Gündogar Germaniýanyň öňki gizlin gullugynyň işgäri, soňra bank eýesi hem Putiniň köne dosty). Häzir bu şweýsar kompaniýasy Fazilowyň eýeçiligindäki kiprli kompaniýanyň gözegçiliginde, Altmax Natural Gas-Stream’iň eýeçiligindäki aksiýalarynyň köp bölegini yzyna aldy.

Altmax’yň 2017-nji ýyl üçin maliýe hasaplary kompaniýanyň Mirziýoýewiň energetika proýektlerinde nähili orun eýeleýändigini görkezýär. Bu resminamalara görä, aprel aýynda “Altmax” we onuň Natural Gas-Stream hyzmatdaşlary Özbegistanyň hökümeti bilen ylalaşyga gol çekdiler, şoňa laýyklykda olaryň Özbegistanda islendik nebit we gaz taslamalaryny amala aşyrmaga 35 ýylyň dowamynda, aýratyn hukugynyň bardygy bellenýär.

Gizlin hasabatda aýdylyşyna görä, Natural Gas-Stream kompaniýasy Özbegistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Mubarek känindäki «Uzbekneftgaz» zawodynda içerki sarp edijiler üçin niýetlenen gazy iň arzan bahadan satyn alandygyny, soňra ony has gymmat eksporta satyp, gelen girdejileri çişirilen operasiýa çykdajylar we "Gazprombank" kompaniýasyndan alan karzyny ödemek üçin ulanyp, esasy kärendeçiniň – Eriell kompaniýasynyň hyzmatlaryny tölemek maksady bilen amala aşyrylýar.

Fazilow Altmax’y esaslandyrandan bäri kompaniýa gaýta-gaýta eýeçilik gurluşyny üýtgedýär. Häzir onuň ýarysy Singapuryň kompaniýasyna degişli, ikinji ýarysy hem kiprli kompaniýa, onuň öz sözlerine görä, oňa eýelik ediji rus milliarderi Andreý Filatow we onuň işewür ýoldaşy, Russiýanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Timçenko.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Filatowa “Altmax” hem-de Fazilow bilen gatnaşyklary hakynda sorag bilen ýüz tutandan iki gün soň, Orsýetiň Küşt federasiýasynyň saýtynda beýanat çap etdi, onda Fazilowdan satyn alan kärhanasynyň 50% girdejisiniň bardygyny aýdýar.

Iş toparynyň gizlin hasabatynda Mirziýoýewiň Altmax’a gowşuran energetika taslamalarynda, ençeme kynçylyklaryň bolandygy nygtalýar. Mirziýoýewiň Surhanderýa sebitindäki M25 gaz käniniň territoriýasynda geologiýa gözleg we burawlaýyş işleriniň meýilnamasynyň operatory wezipesine bellän, býujeti 5,8 milliard dollar bolan kompaniýa Gonkoňdaky ofşoryň üsti bilen “Altmax” kompaniýasyna 75% degişlidir. Taslamanyň esasy kärendeçileri Eriell we Enter Engineering bolup durýar.

Iş toparynyň hasabatynda şeýle eýeçiligiň gurluşynyň "açyk maliýe işlerine we daşary ýurtly maýa goýujylaryň goşandyny seljermäge mümkinçilik bermejekdigi" aýdylýar. Üstesine-de, ylalaşyga laýyklykda, özbek tarapy girdejiniň diňe 10%-ni alar, bu "döwletiň bähbidine däl".

Timçenkonyň ynanýan adamy

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Mirziýoýew bilen Putin Daşkentde tegelek stoluň başynda oturdylar. Olaryň daşyny iki ýurduň resmileri we telekeçiler gurşady.

Mirziýoýew Putine ýüzlenip, iki ýylyň içinde, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 10 milliard dollara ýetip biljekdigine kanagatlanma bildirdi hem onuň sözüne görä, "öňde baryjylar" diýlen rus kompaniýalary bilen geljekki bäş ýyl üçin, Özbegistanyň jemi 25 milliard dollarlyk iri şertnamalara gol çekişendigini aýtdy.

Bu sanawda belli rus gigantlary: "Gazprom" we "Lukoil", "Rosatom", "Gazprombank" we "VTB" bar. Ýene şol sanawda bir üýtgeşik zat bardy – az bilinýän rus kompaniýasy, onuň adyny özbek prezidenti ýalňyşlyk bilen "Worus" diýip atlandyrdy.

Aslynda, ol kompaniýa «Forus» diýlip atlandyrylýar. Ol şondan bir ýyl ozal Sankt-Peterburgda 27 ýaşly ýuristiň kömekçi bolan bir zenan tarapyndan hasaba alyndy we ýeke-täk eýesi bolup galdy – iň bolmanda kagyz ýüzünde şeýledi.

Putin bilen Mirziýoýewiň duşuşygyndan iki gün öňinçä, «Forus» we «Uzbekneftgaz» kompaniýasynyň filialy bolan Gazli Gas Storage bilelikdäki kärhanasyny döretdiler. «Forus» aksiýalaryň 60%-ni aldy, döwlet eýeçiligindäki özbek energiýa kompaniýasy bolsa 40% aldy we şondan bäri eýeçilik gurluşy üýtgemän geldi. Taslamada «Uzbekneftgaz» we «Forus» Buhara şäheriniň golaýyndaky Gazlyda ýerasty gaz saklamagyň möçberini artdyrmalydy.

Onuň möçberini 3 milliard kub metrden 10 milliard kub metre çenli artdyrmagy meýilleşdirildi, şeýle hem Gazlynyň golaýynda ýerleşýän gaz känlerinde geologik gözleg we burawlaýyş işlerini geçirmekdi. Taslamanyň bahasy 850 million dollara barabar boldy, bu ygtyýarly kapitaly bary-ýogy $155 bolan «Forus» üçin täsirli möçberdi.

Gazly gaz ammarlary Özbegistanyň gaz geçiriji ulgamlarynyň merkezinde, Russiýa, Türkmenistana, Gazagystana we Hytaýa barýan geçirijileriň kesişýän ýerinde ýerleşýär.

Prezident Mirziýoýewiň administrasiýasy üçin taýýarlanan bölümara iş toparynyň gizlin hasabatynda, ýurt üçin strategik ähmiýeti göz öňünde tutulyp, Gazlydaky gaz ammarlaryny giňeldiş taslamasy barada alada bildirilýär.

Hususan-da, bu ýerasty ammary giňeltmekden ykdysady netijäniň ýokdugy öňe sürýärler. Boston Consulting Group tarapyndan 2019-njy ýylda taýýarlanan gizlin hasabatda hem bu taslama "maksada laýyk däl" diýip atlandyryldy. Iş toparynyň hasabatynda bolsa, strategiki obýekte gözegçiligiň "gelip çykyş şübheli" kompaniýa geçirilmegi ýurduň energiýa ygtyýarlygyna howp döredýändigi aýdylýar.

Eýsem Özbegistanyň strategiki energetika desgasynyň kontrollygyny gazanan kiçijik rus kompaniýasynyň eýesi kim?

Azatlyk Radionyň Özbek gullugy tarapyndan öwrenilen dokumentler kärhanany esaslandyryjynyň 2021-nji ýylyň dekabryna çenli onuň eýesi bolup galýandygyny görkezýär, ol bolsa 2014-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň we ÝB-niň sanksiýalary astynda bolan, Putiniň köp wagtdan bäri dosty Gennadiý Timçenkonyň ynamdar adamy.

Resmi rus maglumatlaryna görä, «Forus» Sankt-Peterburgdaky halkara ýuridik barlag işlerinde, Timçenkonyň we Russiýanyň hökümetiniň bähbitlerini goraýan «Иванян и партнеры» kompaniýasynda, ýuristiň kömekçisi bolup işlän Aida Çaçhaliýa tarapyndan esaslandyrylýar.

Ondan başga-da, häzirki wagtda 33 ýaşly Çaçhaliýa Timçenko bilen bilelikde, onuň iş bähbitlerini nazarda tutýan çakyr öndüriji kärhanany esaslandyrdy. Häzir ol kärhananyň ýeke-täk eýesi. Mundan daşary-da, ol geçen ýyl ABŞ-nyň sanksiýasynyň astynda galan Timçenkonyň giýewsi Gleb Frankyň iş bähbitleri boýunça ýoldaşy.

Timçenko özüniň Gazly ýatagy hem-de «Forus» proýektine gatnaşygy barada düşündiriş bermek haýyşymyza jogap bermedi.

Azatlyk Radiosy Çaçhaliýa bilen «Иванян и партеры» ofisinde telefon arkaly habarlaşdy. «Forusyň» esaslandyryjysy we ýeke-täk eýesi hökmünde onuň ýerine ýetirýän roly barada soralanda, ol şeýle jogap berdi: “Meniň ýadymda galyşyna görä, indi men onuň esaslandyryjysy däl. Men size hiç zat kömek edip bilmen diýip gorkýaryn». Onuň sözünden aňlanyşyna görä, "birnäçe ýyl mundan ozal" kompaniýanyň eýesi bolmagyny bes edipdir.

«Forusyň» häzirki eýesi iň uly rus kompaniýalarynyň aksiýalarynyň hasaba alnyşyny saklaýan “Gazpromyň” eýeçiligindäki kompaniýalaryň hatarynda, jemgyýetden gizlen saklanýar.

Özbegistandaky maýa goýum bähbitleri barada soralanda, Çaçhaliýa jogapdan saklanyp, žurnaliste muny "häzirki ýolbaşçylardan" soramagy maslahat berdi hem-de olary özüniň bilmeýändigini aýtdy. Ondan «Forusy» hakyky esaslandyryjy we eýesidigi soralanda, Çaçhaliýa gürrüňi kesdi.

«Forus» kompaniýasyna berlen sorag jogapsyz galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Молдавии завели уголовное дело против политиков, побывавших на съезде в Москве

На Иви стали доступны вторые сезоны «Дракошии», «Улётной доставки» и «Тикабо»

Томский стенд на выставке "Россия" отмечен премией "За гостеприимство"

В Подмосковье обсудили вопрос пресечения незаконной установки рекламных баннеров

Музыкальные новости

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Новости России

Самый популярный белорусский блогер Влад Бумага стал отцом

Глава МЧС осмотрел с воздуха подтопленные паводком территории в Омской области

Суд рассматривает продление ареста фигуранту дела о «Крокусе» Файзову

Единый агрегатор торговли Ростеха позволил российским госзаказчикам сэкономить почти 7 млрд рублей

Экология в России и мире

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Lamoda запустила бренд мужской одежды и обуви Mademan

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Moscow.media

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *