Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Birleşen Ştatlaryň we Kanadanyň asmanynda urlan zatlaryň nämedigini anyklamady

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri ABŞ uçarlary tarapyndan bäşinji, altynjy we bazar günleri, Alýaskanyň, Kanadanyň we Miçiganyň ýokarsynda urlup ýykylan üç sany uçýan zadyň hakykatda näme bolandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi diýip, birinji gün Milli howpsuzlyk geňeşiniň wekili Jon Kirbi metbugat ýygnagynda aýtdy.


Kirbi bu zatlaryň göwrüminiň 4-nji fewralda Günorta Karolinanyň kenar ýakalarynyň golaýynda urlup gaçyrylan hytaý şaryndan has kiçi bolandygyny, olaryň ugruny özbaşdak üýtgedip bilmän, howa akymlarynyň ugruna hereket edendiklerini, elektron signal ibermändiklerini aýtdy.


Uçarmanlaryň beren gürrüňlerine görä, urlup gaçyrylan zatlaryň biri silindr görnüşinde bolsa, beýlekisi sekizburç görnüşinde, üçünjisi kiçiräk awtoulagyň ululygynda bolupdyr.


Ak tamyň metbugat sekretary olaryň gelip çykyşy we maksady baradaky çaklamalary aýtmakdan saklandy, ýöne olaryň ýer togalagynyň daşyndan gelip biljekdigi baradaky pikiri ret etdi.


ABŞ resmileriniň aýtmaklaryna görä, prezident Baýden nämedigi belli bolmadyk uçýan zatlaryň üçüsini hem urup ýykmak baradaky görlüp-eşidilmedik karara olaryň degişlilikde pessaý uçandygy we raýat uçarlaryna howp salandygy sebäpli geldi.


Olar Demirgazyk Amerikanyň howa gorag ulgamyna gözegçilik edýän radarlaryň duýgurlygynyň ýokarlandyrmagy arkaly ýüze çykaryldy.


Radarlar hytaý şarynyň ýok edilmegi bilen bagly hadysadan soň üýtgedildi.


Uçýan näbelli zatlaryň galyndylaryny gözlemek howa şertleri we olaryň urlup ýykylan ýerleriniň elýeterliliginiň kynlygy bilen baglylykda çylşyrymlaşdy.


Olaryň biri Huron kölüniň üstünde uruldy. Onuň galyndylary, ähtimal, gaty çuňluklarda ýerleşýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *