Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda Türkiýede ejir çekenler üçin ýorgan toplanýar

Aşgabatda Türkiýedäki weýrançylykly ýer titremesinde ejir çekenler üçin meýletin gumanitar kömek toplamak boýunça çäre geçirilýär. Synçylar görnüşinden ýerli häkimiýetleriň rugsady bilen gurnalan bu başlangyjy gowy garşylasalar-da, ýurduň öz içindäki gaý-harasatlar, heläkçilikler barada ýyllar-boýy dymylýandygyna, ýurduň ejir çeken öz ilatyna zerur hemaýatyň berilmeýändigine ünsi çekýärler.


Hökümetçi türkmen neşirlerinde 14-nji fewralda Aşgabatda ýerli wagt bilen sagat 13:00-17:00 aralygynda ýer sarsgynynyň pidalary üçin haýyr-sahawat maksatly serişdeleriň kabul ediljekdigi habar berilýär.


Maglumatda munuň Türkiýäniň Wiza ýüz tutuş merkezinde, ýagny G.Kulyýew, 88 salgysy boýunça geçiriljekdigi bellenilýär. Habarda hususanda galyň ýorganlaryň gerekdigi, olaryň täze we sellofan bilen örtülen bolmalydygy aýdylýar.


Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral hem öz Twitter hasabynda bu çäre barada maglumat ýerleşdirip, “Şu gün 14-nji fewralda söýgülileriňiziň kalbyny ýer titremeden ejir çekenlere odeýaloňyz bilen ýyladyň” diýen ýazgyny galdyrdy.




Türkmenistanyň hökümeti 6-njy fewralda bolan 7,8 ballyk ýer titremesiniň yzy bilen Türkiýä ynsanperwerlik kömegini hem iberdi.


Synçylar Türkmenistanyň bu ädimlerini gowy garşylaýandyklaryny, emma bu hili hemaýatyň ýurduň dürli hadysalarda ejir çeken öz ilatyna ýyllar-boýy berilmän gelýändigini aýdýarlar.


Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Alişer Sahatow häkimiýetleriň Türkiýe üçin gumanitar hemaýaty gurnamak çärelerini, bu ýagdaýlaryň halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagy bilen baglanyşdyrýar.


“Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty bu bir teatr, oýun. Ol özüne [bu betbagtçylygyň] fonunda artykmaçlyk gazanjak bolýar” diýip, Sahatow belledi.




Ol mundan üç ýyl ozal Mary we Lebap welaýatlaryna gelen güýçli harasat döwri türkmen häkimiýetleriniň bu barada dymandygyny, hatda islendik maglumatyň syzyp çykmagynyň öňüni almaga synanyşandygyny ýatlap geçdi.


Şol pursat, ejir çeken ilat häkimiýetlerden hemaýatyň ýokdugyny, heläkçilikli netijeler bilen öz başlaryna galandyklaryny aýdypdylar. Galyberse-de, ejir çekenlere beren material goldawy bilen baglylykda, galpdygy aýdylýan aýyplamalar esasynda, tussag edilen raýatlar hem boldy.


Sahatow türkmen häkimiýetleriniň adamlaryň arasyndaky artýan raýdaşlygyň öňüni almak bilen, raýat jemgyýetçiliginiň döremegini saklamagy maksat edinýändigini nygtady.


Aşgabat Türkiýede betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny boýun alsa-da, anyk ýa-da golaý sanlary äşgär etmeýär.


Türk häkimiýetleriniň 14-nji fewralda irden beren maglumatyna görä, ýer titremede heläk bolanlaryň sany 32 müňe golaýlady.


Bu aralykda, sosial torlarda türkmenistanly ulanyjylar tarapyndan ýertitremede ölen türkmenler barada paýlaşylýan maglumatlar peýda bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *