Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Yslam döwletiniň” nöker toplaýjysy Duşenbede 21 ýyl tussaglyga höküm edildi

Täjigistanly, “Yslam döwleti” toparynyň ýakasy gaýyşly nöker toplaýjysy Parwiz Saidrahmonow (Abu Dowud) noýabrda terrorçylyk aýyplamasy bilen 21 ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, Täjigistanyň Ýokary kazyýetiniň resmisi 16-njy fewralda aýtdy.


Resmileriň aýtmaklaryna görä, 35 ýaşly Saidrahmonow sentýabr aýynda Türkiýeden ekstradisiýa edilip, 11-nji noýabrda Duşenbe şäherinde terror toparyny guramak, ekstremizm we daşary ýurtda söweşjek adamlary hakyna tutmak aýyplamalary esasynda türme tussaglygyna höküm edilipdir.


Saidrahmonowyň kazyýet işi barada mundan öň resmi habar berilmedi we Ýokary kazyýetiň oňa garşy üç aý mundan ozal çykarylan höküm barada näme üçin şu günki günde habar berilýändiginiň sebäbi düşündirilmedi.


Habar beriş serişdeleriniň käbiri, çeşmelere salgylanyp, prokurorlaryň oňa ömürlik türme tussaglygyny sorandyklaryny aýtdy.


Şwesiýada, Russiýada we Täjigistanda guralan terror hüjümleri bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän Saidrahmonow 2014-nji ýylda Yraga baryp, “Yslam döwleti” terror guramasyna goşulmazyndan öň Russiýada migrant işçi bolupdy.


Soň ol siriýa häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi we 2020-nji ýylyň ortalarynda, Täjigistan onuň Duşenbä ekstradisiýa edilmegini gazanjak bolýan wagtynda Siriýanyň Afrin şäherindäki türmeden ýitirim boldy.


Biraz soň türk häkimiýetleri onuň öz tussaghanalarynda saklanýandygyny aýtdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *