Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow BAE-niň ýokary derejeli resmisi bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow bazar güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty 19-njy fewralda habar berdi.


Myhman Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet baştutany tarapyndan garşy alyndy.


Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň möçberli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýandygy, şu sebäpli bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyk gurmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.


Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk- Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup, ol BAE-niň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygy ýola goýmagyň maksatlaryna doly laýyk gelýär diýip, habarda bellenýär.


Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup, bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berer, maýa goýumlaryny çekmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, bank-maliýe ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, resmi habarda aýdylýar.


Bu sapar Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewralynda BAE bolan resmi saparynyň yz ýanyndan amala aşyryldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *