Türkiýede we Siriýada ýer titremesinde ölenleriň resmi sany 45 müňden geçdi
Fewral aýynyň başynda Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremelerinde, resmi maglumatlara görä, 45,000-den gowrak adam öldi.
“Roýters” habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýede 39,672 adam, Siriýada 5800-den gowrak adam öldi. Ýurtlaryň häkimiýetleri dereksiz ýiten adamlaryň sanyny aýtmady.
Türkiýede seýsmiki taýdan işjeň zolaklarda gurlan köp gatly binalaryň gurluşygynda zerur bolan talaplary berjaý etmezlikde güman edilýän häkimiýetlere we gurluşykçylara çynlakaý nägilelik bildirilýär.
Ýurtda binalaryň ýykylmagy bilen baglanyşykly derňew işleri başlandy, jenaýatda güman edilýän adamlaryň 100-den gowragyny tussag etmek buýruldy.