Kiçi Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň 'ýokary hilli' bolmagyny tabşyrdy
Türkmenistanyň prezidenti hökümet başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna seretdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda ýurtda gurulýan binalaryň berkligi barada hem gürrüň edilene meňzeýär.
TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, Serdar Berdimuhamedow gurulýan binalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy barada “degişli tabşyryklary berdi”.
Bu tabşyryk Türkiýede we Siriýada bolan güýçli ýer titremelerinde on müňlerçe adamyň heläk bolmagy bilen, gurluşyk işlerindäki harsallygyň we jogapkärçiliksizligiň, şol sanda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýanyň habar serişdeleriniň tas esasy temasyna öwrülen wagtyna gabat geldi.
Türkmenistan, türk gurluşyk kompaniýalarynyň milliardlarça dollara durýan gurluşyk şertnamalaryny almagy bilen, soňky onýyllyklarda uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi.
Şol bir wagtda, ýagdaýdan tanyş hünärmenleriň we gurluşykçylaryň aýtmaklaryna görä, Aşgabatda we sebitlerde gurlan binalaryň köplenç gyssanmaç, hil talaplaryny ýeterlik berjaý etmezden gurlandygy aýdylýar.
Türkiýede we Siriýada bolan betbagtçylykdan soň, Ysraýyl, Gresiýa, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda gurlan binalaryň berkligini barlamak işleri başlandy, emma türkmen häkimiýetleri heniz beýle tabşyryklary bermediler.