Hökümetçi neşir: Aşgabat-London aralygyndaky uçar gatnawy dikeldiler
“Türkmenistan” awiakompaniýasy mart aýynda Aşgabady Angliýanyň London şäheri bilen birleşdirýän howa gatnawyny dikelder diýip, “Turkmenportal” neşiri habar berýär.
Aşgabatdan baran uçar London şäheriniň "Stansted" howa menziline gonar, bu aerport iňlis graflygynyň Atlsford etrabynda, Londonyň 48 kilometr golaýynda ýerleşýär diýip, habarda bellenýär.
20-nji martdan başlanjak uçar gatnawy hepdede bir gezek amala aşyrylar.
Aşgabat-London aralygyndaky uçar gatnawy 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýyn ýatyryldy.
Şeýle-de, hökümetçi neşir mart aýynda Aşgabat-Pekin aralygyndaky uçar gatnawynyň dikeldiljekdigini habar berýär.