Türkmenistanyň prezidentiniň şu ýyl Halkara aýallar güni mynasybetli beren sowgady 60 manatdan ybarat. Bu resmi kurs boýunça 17 amerikan dollaryna we gara bazar nyrhyndan 3 dollara barabar. Bu pula şu gün Türkmenistanda köp zat satyn alyp bolmaýar, emma ol meselem 3,5 kilogram sogana ýa-da 5 kilogram una ýetýär. Emma adatça şeýle ujypsyz sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylýar, ony alan zenanlar özleriniň prezidente aşa minnetdarlygyny köpçülikde bildirmäge we ýüzüne sylmaga mejbur bolýarlar.