Daşkentde özbek-amerikan gepleşikleri geçirildi
Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bagtyýor Saidow we ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken baharyň ilkinji güni Daşkentde gepleşik geçirdi.
Saparyň esasy maksady özbek-amerikan strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Ýerli metbugatyň habaryna görä, Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bagtyýor Saidow bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň 1-nji martdaky duşuşygynyň esasy bölegi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.
Duşuşykda telekeçilik alyş-çalyşlary üçin amatly şertleri döretmek, Özbegistanyň kadrlar mümkinçiligini ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny güýçlendirmek we beýleki meseleler boýunça tagallalary birleşdirmek kararyna gelindi.
Blinken Daşkende 28-nji fewralda Merkezi Aziýa+ABŞ duşuşygynyň çäginde Astanada (Gazagystan) sebitiň bäş ýurdunyň daşary işleri bilen geçiren duşuşygyndan soň geldi. Ol Özbegistana döwlet sekretary bolaly bäri ilkinji gezek sapar edýär.
Blinken Astana sammitinde Waşingtonyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Moskwa garaşlylygy azaltmaklary we iş ýerleri döretmekleri üçin, 25 million dollar bölüp berjekdigini aýtdy.