Türkmen prezidentiniň Doha saparynda 7 ylalaşyga gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Umuman, döwlet saparynyň çäklerinde 7 sany ikitaraplaýyn resminama - Türkmenistanyň hökümeti bilen Katar döwletiniň hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga; adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakyndaky Ylalaşyga; ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama gol çekildi.