Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanda ýaremezan däbi dilegçiligiň bir görnüşine 'öwrülýär'

Mukaddes Remezan aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýaremezan aýdýan çagalar köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bu dini däp-dessuryň öz gymmatyny ýitirýändigini belläp, şu günler bu çäräniň dilegçiligiň bir görnüşine öwrülendigini aýdýar.

"Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl çagalar diňe agşamara öýlere aýlanyp, ýaremezan aýdymlaryny aýtmaýarlar. Indi olar gündiz wagty şäheriň 'Kenar' bazarynyň, söwda merkezleriniň, demirýol wokzalynyň we myhmanhanalarynyň golaýynda aýlanyp, ýaremezan aýdymlaryny aýdýarlar. Olaryň sany onlarça bolup, olar ýaremezan aýdymlaryny aýdyp, adamlardan pul soraýarlar we dilegçilik edýärler" diýip, habarçy 22-nji martda aýtdy.

Bu çagalary şäheriň gyzgalaňly ýollarynyň golaýynda hem görse bolýar. Olar ýolda hereket edip barýan awtolulaglar birnäçe sekunt säginse, derrew şol ulaglaryň ýanyna ylgap barýarlar we ýaremezan aýdymlaryny aýdyp başlaýarlar.

"Bu bolsa, ýol hereketinde howply ýagdaýlary döredýär" diýip, habarçy şäheriň ýangyç guýýan beketleriniň-de ýaramezançy çagalardan dolandygyny belledi.

Adatça Remezan aýynyň başlamagyna üç gün galanda, çagalar we eýjejik körpeler her gün agşamara öz ýaşaýan sebitindäki öýleriň gapylaryny kakyp, ýaremezan bentlerini aýdýarlar. Olar bu usul bilen, Remezan aýynyň ýetip gelýändigini buşlaýarlar. Ýaşaýjylar gapylaryny kakan ýaremezançy çagalara göwünlerinden çykaran zady, şol sanda süýji we köke ýa-da pul sowgat berýärler.

Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere düşýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 23-nji martyň säheri bilen başlanýar we 20-nji aprel gijesine çenli dowam eder. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

"Çagalar has köp gazanç etmek maksady bilen, Remezan aýynyň başlanmagyna bäş gün galanda, ýagny 18-nji martda ýaremezan aýdyp başladylar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda ýedi ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän agyr ykdysady krizisiň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, habarçylarymyz ilatyň ýitileşýän durmuş kynçylyklary we gün-güzeran aladalary barada yzygiderli maglumat berýärler. Bu kynçylyklar köp adamy, şol sanda çagalary dilegçilik etmäge, käte zir-zibil dörmäge iterip, soňky döwürde olaryň sany göz-görtele köpelýär.

Häkimiýetler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýan mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlara garşy wagtal-wagtal göreş yglan edýärler. Bu göreşiň çäginde olaryň wagtlaýyn tussag edilmegi ýaly wakalar hem bolýar.

Muňa garamazdan, ýurtda zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlaryň sany, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, köpelmese azalmaýar.

Geçen ýylyň dekabrynda Balkandaky habarçylarymyz sebitdäki dilegçi çagalaryň sanynyň mugallymlaryň maddy serişdesiniň hasabyna azaldylmaga çalşylýandygy barada maglumat berdiler. Şonda häkimiýetler mugallymlaryň ençemesinden dilegçilik edýän çagalaryň eklenji üçin her aý belli bir möçberdäki maddy serişdäni bermegi talap edipdiler. ​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.​

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Мария Багреева: в 1 квартале оборот столичной розницы вырос на 12%

Путин объяснил, почему первый визит после переизбрания совершил именно в КНР

Песков: Россия самым решительным образом осуждает покушение на Фицо

Ретропоезд отвезет туристов из Нижнего Новгорода на «Арзамасский трактирщикъ»

Музыкальные новости

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Путин: РФ и КНР наладят более тесное взаимодействие в инновационных отраслях

В Бурятии прошла Байкальская театральная школа прошла - Россия, Культура и Дети

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Новости России

Визит Путина отражает общий курс России и Китая на построение многополярного мира – китайский политолог

Сергунина рассказала об изменениях в программе грантовой поддержки экспортеров Москвы

Екатеринбург вошел в топ-5 городов России по количеству вкладов в юанях

Жители воспользовались зарядными станциями «Энергия Москвы» более 90 тысяч раз

Экология в России и мире

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Под зеленым куполом

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Axenix выводит на рынок систему поддержки принятия решений SmartAx

Краски севера IV







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *