Gazak žurnalisti saýlaw netijelerine garşy protest geçirmek plany üçin tussag edildi
Gazak žurnalisti Duman Muhammedkarim hepde ahyrynda geçirilen umumy saýlawlaryň resmi netijelerine garşy çykmak üçin protest çäresini gurnamakçy bolýandygyny yglan edenden soň, 21-nji martda 25 gün tussaglyga höküm edildi.
Muhammedkarimiň aklawçysy Galym Nurpeýisow öz müşderisiniň köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky kanunlary bozmakda aýyplanyp tussag edilendigini aýtdy.
19-njy martda geçirilen umumy saýlawlarda häkimiýet başyndaky “Amanat partiýasy” parlamentdäki orunlaryň köplügine eýe boldy.
Halkara synçylary saýlawlaryň geçirilişinde öňki ses berişlikler bilen deňeşdirilende belli bir derejede ilerleme bolandygyny aýtdylar.
Emma oppozisiýa syýasatçylarynyň birnäçesi ses berişligiň adalatsyz bolandygyny öňe sürdi.