Moldowa döwlet dilini resmi taýdan 'rumyn dili' diýip atlandyrdy
Moldowanyň prezidenti Maýa Sandu döwlet diliniň adyny “moldowan dili” diýip däl-de, “rumyn dili” diýip atlandyrmak baradaky karara gol çekdi.
Ýurduň parlamenti bu karary geçen hepde tassyk etdi. Döwlet diliniň adyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasy parlamente fewral aýynyň ahyrynda hödürlendi.
Maýa Sandu öz Facebook sahypasynda rumyn diliniň jemgyýeti pugtalandyrmaga we onuň Ýewropa Bileleşigine gatylyp-garylmagyna itergi berjekdigini aýtdy.
“Bize onlarça ýyllap biz, Moldowa Respublikasynyň raýatlary rumynça däl-de, “moldowança” gürleýäris diýýänler diňe bir zada, bizi bölmäge eýerdiler. Olar, bizi bölmäge synanyşanlar hakykatda lingwistikanyň aladasyny etmän, Moldowany baky milli çekeleşikde, dawada saklamagyň aladasyny etdiler” diýip, Sandu ýazdy.