Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda köpler tarapyndan 'nobatdaky spektakl' atlandyrylýan saýlawlaryň öňüsyrasynda 'ümsümlik gününiň' başlanandygy aýdylýar

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda "ümsümlik gününiň" başlanandygyny, hökümetçi neşirler habar berýärler.


Ýekşenbe güni Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Tutuş ýurt boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 125 deputat saýlanylar.


"25-nji martdan başlap ol ýa-da beýleki syýasy güýji goldamak üçin wagyz işlerini alyp barmak gadagan edilýär. Ýöne wagyz häsiýetli çap edilen materiallar, şol sanda saýlaw komissiýalarynyň daşynda ozal ýerleşdirlen listowkalar, plakatlar ses berme güni ozalky ýerlerinde saklanyp galýar" diýip, hökümete tarapdar "Orient" neşiri ýazýar.


26-njy martda 7:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen uçastoklarda ses berler.




Saýlawlara ýurt boýunça jemi 14 müň 872 dalaşgär hödürlenildi hem-de bellige alyndy. Olaryň 258-si Mejlisiň deputatlygyna, 515-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna, 2001-si etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 12 müň 98-si Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlerdir.


TDH-nyň maglumatyna görä, ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy bellige alyndy.


Türkmen saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin şu wagta çenli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň synçy missiýasy hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş topary Aşgabada geldi.


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary nobatdaky “saýlawlar raýatlaryň syýasy işjeňliginiň derejesini ýene bir gezek dünýä aýan etjek syýasy waka öwrüler” diýýär.


Ýöne deputatlyga dalaşgärleriň ýurduň dürli künjeklerinde saýlawçylar bilen duşuşyklaryna gatnaşdyrylan býujet işgärleri saýlawlary “nobatdaky spektakl” atlandyryp, saýlawçylaryň syýasy işjeňliginiň pesdigini aýtdylar.


Galyberse-de, Azatlygyň söhbetdeşleri deputatlyga dalaşgärleriň saýlanyp seçilmeginde we olaryň deputatlyga hödürlenilmeginde korrupsiýanyň, para-peşgeşiň rol oýnaýandygyny aýtdylar.


“Kim köp para, pul beren bolsa, şolar deputat orunlaryny satyn alýarlar. Deputatlyk gazanylmaýar, satyn alynýar” diýip, birnäçe raýat Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.


Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara saýlaw synçylary tarapyndan “azat we adalatly” hökmünde ykrar edilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *