Özbegistanda ýyl başyndan bäri 250-den gowrak ýer titremesi hasaba alyndy
2023-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistanda we serhet boýunda ýerleşýän goňşy ýurtlaryň topraklarynda 2,8-den 6.8-e çenli aralykda güýji bolan 250-den gowrak ýer titremesi hasaba alyndy.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň seýsmiki çaklaýyş gözegçiligi merkeziniň wekilleri bu habary Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk agentliginde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdylar.
"Ýygy-ýygydan bolýan ýer titremeleri Özbegistan üçin tebigy hadysadyr, sebäbi bu ýurt geografiki taýdan Ortaýer deňzi-Aziýa seýsmiki guşagynda ýerleşýär" diýip, hünärmenler aýtdy.
Soňky 10 ýylda ýurtda 6-8 güýjünde alty sany ýer titremesi boldy. Netijede 16 adam öldi, 54 adam ýaralandy we 84 milliard sum möçberinde ykdysady zyýan çekildi.
Türkmenistan, goňşy ýurtlardan tapawutlylykda, ilata ýer titremeleri hakynda maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.