Garaşsyz neşir: "Türkmengazyň" başlygynyň öňki orunbasary tussag edildi
“Türkmengas” döwlet konserniniň başlygynyň öňki orunbasary Atamyrat Çaryýew 18-nji martda Aşgabatda tussag edildi diýip, “Turlmen.news” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, ozalky emeldar Ministrler kabinetiniň binasynda tussag edildi, oňa resmi taýdan nähili aýyp bildirilendigi häzirlikçe belli däl, ýöne Çaryýewiň tussag edilmegi “Galkynyş” gaz ýatagynda bolan hadysa bilen baglanyşykly.
Ýanwar aýynda bolan hadysa sebäpli Özbegistana iberilýän gazyň birnäçe gün kesildi we bu waka aslynda Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasynyň Merkezi Aziýa bazaryndaky bäsleşikde ýeňiş gazanmagyna alyp geldi diýip, habarda bellenilýär.
Azatlyk bu maglumaty häzirlikçe resmi ýa-da näresmi ýagdaýda tassykladyp bilmedi. Türkmen häkimiýetleri tussag edilen ozalky resmiler, olaryň işi barada açyk maglumat bermeýär.