Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjik syýasatçysynyň ogly Germaniýadan ekstradisiýa edilip, ýedi ýyl tussaglyga höküm edildi

Täjigistanly oppozisiýa syýasatçysy Şamsiddin Saidowyň ogly ýakynda Germaniýadan Täjigistana ekstradisiýa edileninden soň, Duşenbe şäherinde geçirilen kazyýet seljermesinde ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.


Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy geçirilen kazyýet seljermesiniň adalatsyz bolandygyny aýtdy.


HRW-nyň maglumatyna görä, täjik paýtagtyndaky kazyýet Abdullo Şamsiddini 29-njy martda, "Täjigistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmek barada açyk çagyryş" etmekde günäkär tapanyndan soň, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.


"Kazyýet işi 28-nji martda başlandy we adalatly kazyýet standartlaryna laýyk gelmedi, şol sanda aýyplanýanlaryň bar bolan maglumatlar esasynda özlerine garşy ulanylýan subutnamalara garşy çykmak hukugyny hem bozdy” diýip, HRW aýtdy.


“Häkimiýetler iş kesilmegini esaslandyrmak üçin ulanylan subutnamalary aç-açan görkezmeli we şu aralykda ony haýal etmän tussaglykdan boşatmaly” Adam hukuklaryny goraýan guramanyň beýanatynda aýdylýar.


Täjik häkimiýetleri bu hökümi entek resmi taýdan tassyklamady, ýöne Şamsiddiniň häzir Ýewropada ýaşaýan kakasy Şamsiddin Saidow AÝ/AR-a öz ogluna ýedi ýyl türme tussaglygy höküminiň çykarylandygyny tassyk etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *