Azerbaýjan Eýranyň ýokary derejeli serkerdesiniň "töhmetçilikli" sözlerini ýazgarýar
Azerbaýjan Eýranyň ýokary derejeli harby serkerdesiniň "Yslam döwleti" söweşiji toparynyň agzalary Azerbaýjan üçin söweşdi we henizem ol ýurtda ýerleşýär” diýen sözlerini ýazgardy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 30-njy martda Eýranyň gury ýer goşunlarynyň başlygy Kiumars Heýdariniň aýdan sözleriň "elhenç, masgaralaýjy we töhmetçilikli" bolandygyny aýtdy.
"Umuman aýdylanda, Azerbaýjanyň çäginde daşary ýurt elementleri ýok” diýip, ministrlik sözüni üstüni ýetirdi.
Ministrligiň jogap sözi howpsuzlyk gullugy Eýrana berk garşy durýan kanun çykaryjy Fazil Mustafa garşy guralan "terrorçylyk hereketini" derňeýändigini aýdanyndan bir gün soň peýda boldy.