Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Arkadag" teleýaýlymy 'üstünlikleri ussatlyk bilen' açyp görkezer

Türkmenistanyň prezidenti Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek baradaky karara gol çekdi.


TDH-nyň maglumatyna görä, “Arkadag” teleýaýlymy Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan “beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, ...türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak”, onuň “işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen” döredilýär.


Täze teleýaýlym şu ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşik berer.


Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedowyň kararynda anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.


Türkmenistanda häkimiýetler habar serişdelerine diňe ýurtda gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleri ‘ussatlyk bilen açyp görkezýän we wagyz edýän’ gural hökmünde seredýärler.


Bu ýagdaý metbugatyň ýurtdaky düýpli meseleler barada dymyp, prezidentiň we onuň maşgalasynyň dyngysyz öwmek bilen meşgullanmagyna alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.


Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, milli metbugatda şol bir many-mazmundaky wagyz gepleşikleriniň berilmegi ilaty döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinden görülmedik derejede daşlaşdyrdy we adamlar prezidentler maşgalasy barada taýýarlanýan öwgüli gepleşikleri diňe olaryň ýöntemligine gülmek üçin görýärler.


Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça çap edilýän halkara hasabatlarda her ýyl iň yzdaky orunlaryň birini eýeleýär.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *