Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Kakada türmeden boşan raýatlar soraga çekilýär

Türkmen häkimiýetleri türmeden azatlyga çykan raýatlara gözegçiligi güýçlendirýärler. Şu günler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda türmeden boşap gelen raýatlar polisiýa bölümine çagyrylyp, soraga çekilýär.


Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, ozalky bendilere gözegçiligiň güýçlenmegi, Ahal welaýatynda ýörite toparyň döredilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.


Bu toparyň häzirki wagtda düzülmeginiň sebäpleri we maksady barada häzirlikçe anyk maglumat ýok. Ýöne bu toparyň düzümindäki işgärleriň azyndan bäş sanysy Kaka iberildi.




"Bu barlagçylar etraba gelensoň, polisiýa işgärleri türmeden boşap gelen adamlary çöpläp başladylar. Olar polisiýa bölümine alnyp barylýan bu adamlary gözden geçirýärler. Toparyň işgärleri olardan nirede işleýändikleri ýa-da näme sebäpden işlemeýändikleri, nireden pul tapýandyklary, eklenç çeşmeleri baradaky soraglary berýärler" diýip, habarçy 31-nji martda aýtdy.


Türmeden boşap gelen raýatlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar barlagçylardan bu toparyň döredilmeginiň maksadynyň özlerine iş tapyp bermekden ybaratmy ýa däldigini sorapdyrlar, ýöne muňa anyk jogap alyp bilmändirler.


"Ýyladyşhanalarda iş kän, gidiň, şol ýerlerde işläň. 800-1000 manat aýlyk berýärler. Bu size oba ýerinde arkaýyn ýetýär. Biz ýaly şäher ýerinde ýaşaňyzok" diýip, soraga çekilen bir raýat anonimlik şertinde beren maglumatynda barlagçylaryň biriniň aýdan sözlerini sitirledi.


Onuň sözlerine görä, türmeden boşap gelen raýatlara mundan ozal hem gözegçilik ýokarydy, ýöne edil häzirki derejede däldi.


"Men polisiýa bölümine irden sagat 10-da bardym we meni agşam sagat 8 töwereginde goýberdiler" diýip, başga bir kakaly anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Ahal welaýat häkimliginden we Kakanyň polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.


Dünýäde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň hataryna girýän Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň, sud edilýän we boşadylýan adamlaryň sanyny çap etmeýär.




Emma ýurtda köplenç döwlet baýramçylyklaryna gabat getirilýän we ýylyň dowamynda birnäçe gezek yglan edilýän köpçülikleýin günä geçiş çärelerinde türkmen türmelerinde oturan ýüzlerçe, käte müňlerçe adamyň günäsi geçilýär. Soňky gezek Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen şeýle çärede 308 adamyň günäsi geçildi.


Bu çärelerde ýurduň prezidenti welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ähli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrýar.


Muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi prezidentiň bu tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeýändigini aýdýarlar. Ýurtda türmeden azatlyga çykan raýatlar iş tapmakda örän kynçylyk çekýärler. Olaryň köpüsi işsiz we gazançsyz kösenýär.


Şeýle-de, türmeden azatlyga çykan raýatlar kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini hem aýdýarlar.


Galyberse-de, häkimiýetler ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da döwlet çäreleriniň öňüsyrasynda, tussaglara öýlerinden çykmazlygy tabşyrýarlar ýa-da olary wagtlaýyn ýörite merkezlere ýerleşdirýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *