Bişkekde "Söz azatlygy" alleýasy peýda boldy
1-nji aprelde Bişkegiň "Yntymak" parkynda milli kampaniýasynyň çäginde "Söz azatlygy seýilgähinde" 200 töweregi nahal oturdyldy. Çäräni prezident administrasiýasynyň maglumat syýasaty gullugy gurady.
Maglumat syýasaty gullugynyň başlygy Daýrbek Orunbekow "çäräniň esasy maksady metbugat pudagynyň wekillerini birleşdirmek" diýdi.
“Şu gün žurnalistler, döwlet edaralarynyň metbugat sekretarlary we halkara guramalarynyň aragatnaş wekilleri metbugat pudagyny ösdürmäge we söz azatlygyny goramaga, şeýle hem taraplarymyzyň arasyndaky ösüşi we gülläp ösmegi üçin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tagallalary birleşdirmek üçin ýygnandylar. Ýurdumyzy söz azatlygyndan mahrum etmek mümkin däl, bu biziň her birimizde bar"-diýdi.
Ondan öň “Gyrgyzystanyň habar beriş serişdeleriniň hereket platformasy” bu çäräni tankytlaýan beýannama berdi.
“Häkimiýetler, prezident administrasiýasynyň maglumat syýasaty bölüminiň hereketleri arkaly Gyrgyzystanyň konstitusiýasynyň söz azatlygy we pikirleriň köplügi baradaky maddalaryny kimiň ulanyp biljekdigini kesgitledi. […] Gyrgyzystanyň belli bir sebitinde “söz azatlygyny” alamatlandyrýan ekilen agaçlar bilen käbirler öz pikirlerini erkin beýan edip biler we jezalandyryş netijelerinden gorkmaz. Şol bir wagtyň özünde, "Azattyk Media"-a garşy kazyýet işi guramanyň web sahypasyny we hasaplaryny petikleýär. Troll zawodlary sosial ulgamlarda garaşsyz metbugata, žurnalistlere we blogçylara garşy ýanama kampaniýasyny başlady. Raýat aktiwistleri ýazgylar we eden beýanatlary üçin jerime töleýärler. "Next TV"-iň baş direktory Taalaibek Duişenbiýewe materialy gaýtadan çap edenligi üçin iş kesildi. Gyrgyzystanyň raýaty žulurnalist Bolot Temirow ýurtdan çykaryldy "-diýlip, “Gyrgyzystanyň habar beriş serişdeleriniň hereket platformasy” guramasynyň beýanatynda aýdylýar.
Prezidentiň administrasiýasy bu guramanyň beýanyna jogap bermedi.
Ondan öň halkara guramasy “Freedom House” (FH) Gyrgyzystany “Dünýädäki azatlyk” atly ýyllyk hasabatynda “erkin däl” döwlet hökmünde ykrar etdi. Gurama Gyrgyz Respublikasynda syýasy hukuklar çäkli we metbugat basyş astynda diýdi.
Ýanwar aýynyň ahyrynda metbugat azatlygy we adam hukuklary meseleleri boýunça işleýän ýedi halkara guramasy Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowa ýüzlenip, Gyrgyzystanda žurnalistlere garşy edilýän repressiýalara we metbugat azatlygynyň basylmagyna aladalanma bildirdiler. Ondan öň birnäçe halkara guramasy Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini metbugata we söz azatlygyna basyşy bes etmäge birnäçe gezek çagyrdy.