'Mehr': IRGC-iň ikinji geňeşçisi Ysraýylyň Siriýadaky hüjümi netijesinde öldi
Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusynyň (IRGC) harby geňeşçisi Siriýanyň paýtagtynyň golaýynda Ysraýylyň howa zarbalarynyň netijesinde alan ýaralaryndan öldi. Bu barada Eýranyň ýarym resmi "Mehr" habar gullugy 2-nji aprelde habar berdi.
Tähran 2011-nji ýylda Siriýada başlanan raýat urşunda prezident Başar al-Assady goldap başlaly bäri, Ysraýyl Siriýada Eýranyň artan täsiri bilen baglaşdyýran nyşanlara ençeme ýyl bäri zarba urýar.
Eýran öz wekilleriniň Damaskyň çakylygy boýunça Siriýada maslahat beriş wezipesini ýerine ýetirýändigini aýdýar.