Blinken Russiýany WSJ žurnalisti Gerşkowiçi, öňki deňizçi Whelany boşatmaga çagyrýar
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýany "Wall Street Journal" gazetiniň geçen hepde tussag edilen habarçysy Ewan Gerşkowiçi we 2018-nji ýyldan bäri Russiýada türmede oturan amerikaly Pol Whelany boşatmaga çagyrdy.
Döwlet departamentiniň 2-nji aprelde çap eden beýanatyna görä, Blinken bu talaby kärdeşi Sergeý Lawrow bilen eden telefonda gürrüňinde etdi.
Blinken "ABŞ-nyň raýat žurnalistiniň Russiýada kabul edip bolmajak ýagdaýda tussag edilmegine Birleşen Ştatlaryň aladalaryny bildirdi" diýip, beýanatda aýdylýar.
Döwlet sekretary onuň derrew boşadylmagyna çagyrdy we Kremliň ýalňyş tussag edilen ýene bir ABŞ raýatyny, Pol Whelany hem haýal etmän boşatmalydygyny aýtdy.
Şeýle-de, beýanatda iki ýokary derejeli diplomatyň "diplomatik wekilhanalaryň öz işlerini ýerine ýetirmegine mümkinçilik berýän gurşaw döretmegiň möhümdigini" ara alnyp maslahatlaşandygy aýdylýar.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu telefon gürrüňini tassyklady we Lawrowyň Blinkene Günbatar metbugatynyň Gerşkowiçiň tussag edilmegi sebäpli "tupan turuzmagynyň" “kabul ederliksiz” bolandygyny aýdyp, onuň "geljekdäki ykbalyny kazyýet kesgitlär" diýendigini habar berdi.