Stoltenberg: Finlandiýa NATO ýaranlygyna 4-nji aprelde goşular
Finlandiýanyň NATO ýaranlygyna 4-nji aprelde goşuljakdygy belli boldy.
Finlandiýa NATO agzalygyna 4-nji aprelde goşular, bu ädim Finlandiýany has ygtybarly eder, ýaranlygy bolsa has-da güýçlendirer diýip, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg 3-nji aprelde aýtdy.
"Biz Finlandiýanyň baýdagyny bu ýerde, NATO-nyň merkezinde ilkinji gezek galdyrarys. Bu Finlandiýanyň howpsuzlygy, Demirgazyk howpsuzlygy we umuman NATO üçin gowy gün bolar" diýip, ol Brýusselde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
“Netijede Şwesiýa hem has ygtybarly bolar” Stoltenberg sözüniň üstüni ýetirdi.