Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan Türkiýe bilen aradaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrar

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gün Aşgabatda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselesini maslahatlaşdy.


Habarda kän anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.


Şeýle-de, azyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa önümçilige, elektrobuslaryň, elektrotaksileriň hereketine aýratyn ähmiýet beriljekdi aýdyldy.


Mundan başga, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy, bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy bilen baglylykda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.


Türk işewüriniň sözlerine görä, Türkiýede suw geçiriji ulgamyň täze, häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyk gelýän turbalaryň önümçiligi ýola goýuldy we bu önümler Türkmenistanyň howa şertlerine hem laýyk gelýär.


Türkmen-türk işewür hyzmatdaşlygynyň gaýtadan giňeldilip başlanmagy Türkiýäniň Aşgabadyň talaby esasynda türkmenistanlylaryň Türkiýä wizasyz baryp bilmek mümkinçiligini ýatyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan ýyllarynda Saparmyrat Nyýazow döwründe Türkmenistandan döwlet serişdesine gurulýan desgalaryň onlarça şertnamasyny alan türk gurluşyk kompaniýalarynyň azaldylyp, ýerli gurluşyk kompaniýalaryna has kän iş ynanylmagyny öňe sürüpdi.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *