Azerbaýjan Eýranyň ilçihanasynyň dört işgärini ýurtdan çykarýar
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenmeginiň arasynda, Eýranyň Bakuwdaky ilçihanasynyň dört işgärini ýurtdan çykardy.
Ministrlik 6-njy aprelde Eýranyň ilçisi Seýid Abbas Musawini çagyrandygyny we oňa, "diplomatik statusyna laýyk gelmeýän işleri sebäpli", Bakuwyň Eýranyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň dört işgärini “persona-non-grata”, ýagny islenilmeýän şahsyýet diýip yglan edendigini habar berendigini aýtdy.
Ilçi bilen bolan duşuşyk wagtynda "onuň ýurdunyň Azerbaýjana garşy görkezen soňky prowokatiw hereketleri sebäpli berk nägilelik bildirildi" diýip, beýanatda aýdylýar.
Biraz öň, 6-njy aprelde, ýaragly gozgalaň we Azerbaýjanyň konstitusiýa gurluşyny zor bilen üýtgetmek arkaly, "Azerbaýjanda şerigat döwletini döretmegi maksat edinýän "garşylyk toparyny" döretmekçi bolandyklaryny aýdyp, Azerbaýjan alty adamy tussag etdi.
Eýranyň kanun çykaryjylary 5-nji aprelde beýanat edip, Azerbaýjanyň Ysraýylda öz ilçihanasyny açmagyny berk tankytladylar we muny palestina halkyna we olaryň hukuklaryna garşy çäre diýip atlandyrdylar. Şeýle-de olar, “köp negatiw syýasy netijeler” bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdyp, Bakuwa haýbat atdylar.