Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Amyderýanyň suwunyň derejesi peselse, betbagtçylyk ýüze çykyp biler". Owganystanda gurulýan kanal sebite nähili howp abandyryp biler?

“Talyban” Amyderýadan Koştepe kanalyny gurýar: Owganystanda ýyllar boýy dowam eden uruş suw üpjünçilik ulgamlaryny hatardan çykardy we ekerançylyk ýerleriniň möçberi ýarysyndan gowrak azaldy. Bu ugurda kanalyň gurluşygy we umuman, suwaryş ulgamynyň ösdürilmegi Owganystan üçin uly ähmiýete eýedir. Emma bu kanalyň gurulmagy Özbegistana, ähtimal, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýaramaz täsir edip biler. Halkara hem-de özbek hünärmenleri kanalyň işe girizilen ýagdaýynda we ondan Amyderýanyň suwy akdyrylsa, Özbegistanyň birnäçe sebitlerinde suw ýetmezçiliginiň agyr kynçylyk döretjekdigini çaklaýarlar.

55 ýaşly Zeýniddin Hojaýerow Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynda, ýer alyp daýhançylyk edýär. Soňky bäş ýyldan bäri üzüm ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl onuň fermasy üçin agyr döwür boldy: suwuň ýetmezçiligi sebäpli bäş gektar üzümçilik gurady. Ol adam 3,5 müň dollardan gowrak ýitgä sezewar bolup bergä batdy. Özbegistanyň günortasyndaky beýleki daýhanlar ýaly, Zeýniddin täze kanalyň gurluşygyndan soň, ýagdaýyň has-da erbetleşmeginden howatyr edýär.

«Bizde suw ýetmezçiligi zerarly ýitgi çeken daýhan köp. Garagalpagystanda we Horezmde ýagdaý bizdäkiden – Surhanderýa welaýatyndan hem beter. Ol sebitler Amyderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşýär, gurakçylykdan soň ýerler duzlaşýar hem çöllüge öwrülýär. Eger Amyderýanyň suwunyň derejesi peselse, ol sebitlerde heläkçilik döräp biler» diýip, Zeýniddin Hojaýerow Azatlygyň Özbek gullugyna gürrüň berdi.

Owganystanda Koştepe kanalynyň gurluşygy 2023-nji ýylyň mart aýynda belli boldy. Meýilnama laýyklykda, onuň uzynlygy 285 km, giňligi – 100 metr, çuňlugy – 8,5 metr çemesi bolmalydyr. Gurluşyk işlerini 5 ýylda tamamlamak niýetlenildi, kanal doly gurlandan soň, Owganystan Amyderýanyň suwunyň azyndan üçden bir bölegini alar. "Talybanyň" maksadyna görä, kanal Owganystanyň demirgazygyndaky üç etraba suw berer.

"Talyban" hökümeti mundan iki ýyl ozal Owganystanda häkimiýeti ele geçirdi. Olar häzire çenli dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan ykrar edilmeýär. Şol bir wagtda, halkara hukuklaryna laýyklykda, serhetdeş derýa suwlary ulanylanda, ýurtlar halkara hukuk normalaryna eýermeli we goňşularyň bähbitlerini nazara almak bilen ylalaşyk baglaşmaly. Emma Owganystan henize çenli sebit ýa-da halkara şertnamalarynyň hiç birine goşulman, öz-özünden Koştepe kanalyny gazyp başlady.

Ekspertleriň bellemegine görä, Täjigistan kanalyň gurluşygynyň ýaramaz täsirinden gaça durup biler. Emma Özbegistan Amyderýanyň bir tarapynda ýerleşýändigi üçin, belki-de, kanalyň gurluşy tamamlanandan soň, suw ýetmezçiligini duýup biler. “Talyban” proýektiniň ýaramaz netijeleri goňşy Türkmenistanda-da duýlar.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew kanalyň gurluşyk meselesini eýýäm gozgady. Ýöne soňky wagtlarda, hatda "Talyban" bilen geçirilen duşuşyklardan soň hem özbek häkimiýetleri bu barada hiç hili pikir bildirmedi.

«Özbegistanyň hökümeti bu meseläni bilelikde oturyp çözmegiň ýerine "Talybany" Samarkant şäherine äkidip, olaryň egnine halat ýapýar we sowgatlar berýär. Ol kanal biziň milli bähbitlerimize howp salyp biler. Suw ýetmezçiligi meselesinden, diňe bir häzirki nesil däl, eýsem geljekki nesle-de howp abanyp biler!» diýip, özbegistanly ykdysatçy Hidirnazar Allakulow Azatlygyň Özbek gullugyna aýtdy.

"Talyban" eýýäm goňşularyny alada etmezlige çagyrýar. "Talybanyň" resmi wekili Zabihulla Mujahid şeýle diýdi: «Biz başga halklaryň ýeke damja suwuna hem dawa etmeris, munuň üçin hiç bir döwlet alada etmesin. Biz Özbegistan bilen gowy, dostlukly gatnaşyklary alyp barýarys. Olar Owganystanyň dikeldiş işlerini goldaýarlar we bu ugurdan kömek edýärler».

Kanalyň gurluşygynyň bahasy 684 million dollara barabar bolar diýlip çaklanylýar. "Talyban" kanalyň gurluşygynyň döwlet hasabyna amala aşyrylýandygyny aýdýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, gurluşyk meýdançasynda birnäçe müň adam işleýär:

«Owganystandan alnan maglumatlara görä, kanalyň gurluşygy örän çalt depginde alnyp barylýar. "Talybanyň" maglumatlaryna laýyklykda, kanalyň gurluşygynda 6 müňe golaý adam gije-gündiz işleýär. Emma hünärmenler şeýle uly kanaly gysga wagtyň içinde tamamlamagyň mümkin bolmajagyny aýdýarlar. Owganystanda häzirki zaman gurluşyk enjamlarynyň ýoklugy, şeýle hem esasy işiň tejribesiz işçiler tarapyndan amala aşyrylýandygy sebäpli, bu mümkin däl» diýip, Owganystanyň öňki zähmet ministri Başir Ahmed Taýanç nygtaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Отечественные актёры, которые по красоте не уступают современным Питтам и Шаламе, вместе взятым

Усадьбу Эйлера в Волоколамске отреставрируют в 2024 году

Приоритеты сотрудничества и экономика: главное из переговоров Путина и Цзиньпина

Жители воспользовались зарядными станциями «Энергия Москвы» более 90 тысяч раз

Музыкальные новости

Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

Ефимов: в столице инвестор реорганизует территорию бывшей промзоны Тушино

Безухого террориста из "Крокуса" в зал суда пришлось заводить силой

Проект ранней реабилитации детей запустили в Подмосковье

Скончался художник Сергей Андрияка

Экология в России и мире

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Спорт в России и мире

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Под зеленым куполом

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *