Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär

Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär

Marynyň welaýat metjidinde prezidentiň merhum enesiniň ruhuna bagyşlap, jemagatdan aýat-töwir okamak talap edilýär. Balkan welaýatynyň ymamy etrap metjitlerinde merhuma bagyşlap, Gurhanyň hatm edilmegini talap edýär. Şol bir wagtda, sebitlerde saýlanan adamlar, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet gullukçylary we din wekilleri merhumyň ýas sadakasyna gatnaşmak üçin Aşgabada ugradylýar. Bu aralykda, ýurduň günbatar welaýatynda toý dabaralary 15-nji aprele çenli yza süýşürildi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa ýaňy-ýakynda 86 ýaşda aradan çykdy.

Bu habar ilkibaşda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň edarasynyň Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynyň 7-nji aprelde agşam täjik prezidentiniň resmi web sahypasynda çap edilmegi bilen köpçülige mälim boldy.

Bir gün soň, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi prezidentiň enesiniň Remezan aýynda aradan çykandygyny, bu habary “tutuş türkmen halkynyň uly gynanç bilen kabul edendigini” habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy şenbe güni günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheri bilen Awaza syýahatçylyk zolagynyň arasynda oturdylan döwlet baýdagynyň aşak çekilendigini, Awazadaky otellerde we şypahanalarda aýdym-sazyň sesiniň kesilendigini habar berdi.

Azatlygyň Marydaky habarçysy ölüm habaryndan soň, sebitde ähli köpçülik çäreleriniň ýatyrylandygyny habar berýär. Şol bir wagtda, welaýat metjidinde merhumyň ruhuna bagyşlap, aýat-töwir okamaklyk talap edilýär.

“Metjitleriň ymamlary namaza barýan adamlara prezidentiň enesiniň hormatyna doga-dileg etmegi tabşyrýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Şol bir wagtda, Marynyň sebit bazarlarynda şenbe güni aýdym-sazyň sesi kesilipdir.

“Adamlara mejbury ýagdaýda ýas tutdurýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Ymamlaryň aýat-töwir talaplary Balkan welaýatynyň metjitlerinde hem hasaba alynýar.

Welaýatyň ymamy şenbe we ýekşenbe günlerinde her bir etrap metjidinde merhuma bagyşlap, Gurhan kitabynyň hatm edilmegini tabşyrdy.

Kenar ýaka sebitde toý dabaralary 15-nji aprele çenli yza süýşürildi, toýlar ýatyryldy we toý mekanlary aýyň ortasyna çenli ýapyk saklanmaly edildi.

Azatlygyň Marydaky habarçysy günorta-gündogar sebitiň administratiw merkezinde kafeleriň we restoranlaryň 8-nji aprel güni gizlin işländigini habar berýär.

Şeýle-de, welaýatlarda saýlanan adamlar prezidentiň enesiniň ýas çäresine gatnaşmak üçin Aşgabada ugradylýar. Marydaky habarçymyz uly ýaşly adamlaryň merkeze ugradylandygyny habar berýär.

Balkandaky habarçymyz sebitdäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, banklaryň başlyklarynyň, hassahanalaryň we polisiýa bölümleriniň başlyklarynyň, ähli ýolbaşçy düzümiň ýas çärelerine gatnaşmak üçin merkeze iberilendigini habar berýär.

Şol bir wagtda, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri sürüjilerden ulaglarda aýdym-sazyň sesini açmazlygy talap edýärler. Şäher ýerlerindäki mahabat monitorlary, bilbordlar hem öçürilýär.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy welaýat metjidinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň merhum ejesiniň hormatyna sadaka çäreleriniň meýilleşdirilýändigini habar berýär.

Ogulabat Berdimuhamedowa öz ýaşan döwründe döwlet wezipelerinde işlemedi, döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri onuň “mili gymmatlyklaryň döwrebap derejede ösdürilmegine” goşant goşandygyny aýdýar.

Iki ýyl ozal, 2021-nji ýylyň aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 88 ýaşda aradan çykdy.

“Berdimuhamedowyň kakasy aradan çykanda welaýat metjidinde uly sadaka berildi. Bu sadakanyň çykdajylary ýerli biznesmenleriň we býujet işgärleriniň üstüne atyldy. Ýene-de şeýle sadakalar meýilleşdirilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

Новосибирскую школьницу, изрезавшую одноклассницу, отправили на экспертизу в Москву

Из Красноярска добавят еще один рейс в Москву

Синоптики спрогнозировали в Москве до +20 градусов и небольшой дождь 16 мая

Музыкальные новости

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новости России

Школы Мытищ подготовят к итоговой аттестации выпускников в мае

Мостовой: «Хотел в суперфинале сыграть со «Спартаком»

Нацразведка США: Спецслужбы считают РФ самой активной «угрозой» выборам

В ЦСКА прокомментировали состояние Торопа после столкновения с Алипом

Экология в России и мире

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Страдания юного Аюша Булчун

Спорт в России и мире

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Танцы с ветром....

Краски севера V







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *

Спортивные новости от Sportsweek.org

Добавить новость - здесь

Copyright © 29ru.net
Powered by Cotonti