Tanymal türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew "Soçiden" gitdi
Habarda aýdylmagyna görä, “Soçi” klubynyň ýolbaşçylary Gurban Berdiýew bilen hoşlaşmak kararyna gelipdirler.
Hökümetçi neşir Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde “Soçiniň” futbolçylarynyň 5 duşuşyk geçirip, iki gezek utandyklaryny, üç gezek bolsa utulandyklaryny belleýär.
Gurban Berdiýew “Soçiden” öň, geçen ýylyň awgustynda berlen habara görä, Eýranyň “Traktor” klubunyň oýunçylaryna tälim bermäge bardy.
1952-nji ýylda doglan Gurban Berdiýew 1971-1985-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň “Kolhozçy”, Don boýundaky Rostowyň SKA, “Rostelmaş”, Gazagystanyň “Kaýrat” toparlarynda futbol oýnap, bir gezek Gazagystanyň çempiony boldy.
Metbugat maglumatlaryna görä, G.Berdiýew tälimçilik işine 1986-njy ýylda Gazagystanyň “Himik” toparynda başlap, soňra Gazagystanyň “Kaýrat”, “Kaspi”, Türkiýäniň “Gençlerbirligi”, Aşgabadyň “Nisa”, Russiýanyň “Kristall”, “Rubin”, “Rostow” toparlarynda tälimçi bolup işledi, 2017-nji ýylda dünýäniň iň gowy 50 tälimçisiiniň sanawyna girdi.
Türkmenistanda türgenler we tälimçiler üçin döredilendigi aýdylýan gowy şertlere we mümkinçiliklere garamazdan, G.Berdiýew, näme üçindir, Türkmenistana dolanmaýar.