Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Güýçli ýagyş gowaça meýdanlaryny zaýalady

Güýçli ýagyş gowaça meýdanlaryny zaýalady

Soňky birnäçe günüň dowamynda Lebap welaýatyna ýagan güýçli ýagyş ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryny zaýalady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji aprelde sebitden habar berdi.

Maglumata görä, hususan-da 3-nji aprele geçilen gije Lebap welaýatyna, şol sanda welaýat paýtagty Türkmenabat şäherine güýçli ýagyş ýagdy. Ýedi sagat töweregi dowam eden ýagyş ýaňy-ýakynda ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryna zarba urdy.

Biraz öň, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine soňky dokuz günüň dowamynda iki aýlyk ýagyş normalaryndan has köp mukdarda ýagşyň ýagandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy birnäçe gün dowam eden ýagynly howanyň netijesinde welaýat merkezindäki köçelerde köp mukdarda ýagyş suwlarynyň toplanandygyny habar berýär.

Dowamly ýagan ýagyşlar möwsümleýin oba hojalyk işlerine zyýan ýetirdi.

Şu günler Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda 29-njy martda ekişe badalga berildi.

Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatynda gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň ýarpysyndan azragynda ekiş işleriniň tamamlanandygyny habar berýär.

“Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynyň 40 göteriminde ekiş işleri tamamlanypdy. Çala gögerip çykan gowaçalar zaýa boldy, entek gögermedik gowaçalar bolsa ýeriň aşagynda galdy. Ekin meýdanlary ýagyş zerarly kesmekledi we ýaňy-ýakynda gowaça tohumlary sepilen ekerançylyk ýerleri gatap galdy” diýip, bir oba hojalyk işçisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýagyş-ýagmyryň yz ýany, 10-njy aprelde sebitiň birnäçe etrabynda mehanizatorlar ýagşyň astynda galan gowaça meýdanlarynyň sürüm işlerine gaýtadan girişdi.

Lebap welaýatynyň Çärjew, Dänew we Saýat etraplaryna degişli ekerançylyk meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri gaýtadan geçirilýär.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilýär we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň hökümeti Sowet Soýuzyndan miras alan “gowaça borçnamasyny” ýyllarboýy gyşarnyksyz dowam etdirýär. Gowaçanyň aşa köp ekerançylyk suwlaryny we ynsan zähmetini, şol bir wagtda yzygiderli ideg işlerini talap edýändigine garamazdan, galyberse-de, gowaçanyň kärendeçi daýhanlar üçin düşewüntsiz önüme öwrülendigine garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti gowaça plan borçnamasy boýunça talaplaryny erjellik bilen dowam etdirýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini gowaça önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler.

Bu aralykda, ýurduň soňky ýyllarda üýtgeýän howa şertleri türkmen hökümetiniň oba hojalyk strategiýalarynda agzalmaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan we güýçli tozanly ýellerden, galyberse-de wagtal-wagtal Türkmenistan üçin adaty bolmadyk harasatlardan we anomal ýagyş-ýagmyrdan ejir çekýär.

Şol bir wagtda, türkmen hünärmenleri ýurduň çäginde emele gelen adaty bolmadyk howa şertleriniň ýurtda daşky gurşawa bolan çemeleşmeler bilen ilteşiklidigini ýa-da däldigini, ýa-da bu ýagdaýyň ýurduň ýangyç önümçilik desgalarynda tassyk bolan zyýanly zyňyndylar bilen ilteşikli bolmak ähtimallygyny ne tassyklaýar ne-de inkär edýär.

Ýatlasak, satellit barlaglary Türkmenistanyň önümçilik desgalaryndan syzylyp çykýan uly möçberlerdäki metan zyňyndylaryny açyp görkezýär.

Türkmen hökümeti zyňyndylary azaltmak boýunça halkara tagallalara işjeň goşulýandygyny öňe sürüp gelýär.

Türkmenistanyň dürli sebitleri soňky ýyllarda wagtal-wagtal gurakçylykdan, wagtal-wagtal suw joşmalaryndan, sil suwlaryndan ýa-da tozanly ýellerden, galyberse-de seýrek harasatlardan ejir çekip gelýär.

Türkmen hökümeti ekologiýa abadançylygyny gazanmak, şol sanda suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, zyýanly zyňyndylaryň täsirini azaltmak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýaly ugurlarda tagalla edýändigini aýdýar. Resmiler özleriniň şeýle tagallalaryny köpçülikleýin bag ekmek ýaly mejbury çäreler bilen delillendirmäge çalyşýarlar.

Bahar aýlary adatça ýagyşly bolýar we howa hünärmenleri aprel aýynda ýagyş -ýagmyryň derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Детский городок в Одинцове оснастили видеонаблюдением

Музей «Г.О.Р.А.» будет работать бесплатно в «Ночь музеев»

«Британских мужчин запугали феминистки». История москвички, переехавшей в старую добрую Англию

Почти 180 участников СВО прошли реабилитацию в подмосковном центре «Ясенки»

Музыкальные новости

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Новости России

Объем закупок у бизнеса Подмосковья в 2023 г превысил 500 млрд руб — Зиновьева

В Москве арестовали треш-блогера Marcus за пранки над пенсионерками

Захарова пожелала скорейшего выздоровления Фицо и назвала его другом России

Легкоатлетическая эстафета Победы прошла в Мытищах

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Спорт в России и мире

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *