Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi

Lebapda uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi

Şu günler köp lebaply Aşgabada baryp gelmekde kynçylyk çekýär. Muňa Türkmenabat-Aşgabat we Aşgabat-Türkmenabat aralygy üçin uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi sebäp bolýar.

"Uçar reýsleri we otly gatnawlary ýolagçylaryň talabyny ödäp bilmeýär. Bilet tapmak uly problema. Häzir kimi görseň, bilet tapyp bilmeýändigini aýdýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçymyz 13-nji aprelde aýtdy.

Ol sebitden paýtagta awtobusda gitmegiň hem uly problemadygyny belläp, awtobus biledini tapan ýolagçylaryň bu transport ugry boýunça saparynyň dowamlylygynyň 11 sagada çekýändigini aýtdy.

"Türkmenabadyň täze awtomenzilinden ugraýan awtobusda Aşgabada gitmek üçin irden sagat 6-da baryp, nobata durmaly. Sagat 7-de ýolagçylar awtobusa mündürilip başlanýar. Eger awtobusa münüp bilseň, onda ol sagat 8-de Aşgabada ugraýar. Bahasy 65 manat bolan bilediň puluny awtobus sürüjisiniň eline tölemeli. Sekiz sagatdan soň, awtobus Ahalyň Änew şäherine barýar. Ýolagçylar Änewde awtobusdan düşüp, goşmaça çykdajy edip, Aşgabada degişli döwlet belgisi bolan taksä münmeli. Başga welaýatlara degişli döwlet belgisi bolan taksiler paýtagta goýberilmeýär. Ýolagçylar takside ýene bir sagat gitmeli" diýip, habarçy belledi.

Hökümet maslahatlarynda transport serişdeleriniň gatnawlarynyň kämilleşdirilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanylýan Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýetmezçilik wagtal-wagtal, hususan-da uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýa-da dynç alyş möwsüminde has-da güýçlenýär.

Habarçymyz bilet ýetmezçiliginiň nobatdaky gezek möwjemeginiň sebäbini sebitde daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigi bilen düşündirýär.

"Munuň bilen baglylykda, daşary döwletlere wiza almak üçin her gün ýüzlerçe adam Aşgabada gidip gelýär. Olaryň köpüsi ýeke gitmeýär. Olar öz ýanlary bilen wiza almaga kömek edýän ýörite adamlary hem alyp gidýärler. Raýatlar bu adamlara 1 müň manat töleýärler" diýip, habarçy belledi.

Soňky aýlarda, hususan-da pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan halkara howa gatnawlarynyň dikeldilip başlanmagy bilen, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sany göz-görtele köpeldi. Döwlet Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde biometriki pasport almak isleýän raýatlaryň uly nobatlary döredi.

Geçen aýyň ahyrynda Lebapdaky habarçylarymyz, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Saýat, Halaç, Sakar we Çärjew etraplaryndan has köp adamyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da, Stambul, Kazan we Dubaý şäherlerine gidýändigi barada maglumat berdiler.

Galyberse-de, Lebapdaky habarçymyz soňky aýlarda ýol heläkçilikleriniň köpelmegi zerarly köp adamyň uçarda ýa-da otluda sapar etmäge ýykgyn etmeginiň hem, sebitde bilet ýetmezçiliginiň möwjemegine sebäp bolýandygyny aýtdy.

Soňky aýlarda Azatlygyň dürli sebitlerindäki habarçylary adam pidalaryna getiren ýol hadysalary barada ençeme gezek maglumat berdiler.

Geçen hepde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda bolan ýol heläkçiliginde kämillik ýaşyna ýetmedik üç mekdep okuwçysy heläk boldy. Mart aýynyň başynda Türkmenabat-Mary awtomagistralynda iki ýeňil awtoulagyň pete-pet gelip çakyşmagy netijesinde ýedi adam öldi.

Azatlyk Lebapda emele gelen bilet ýetmezçiligi barada ýurduň "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden we "Türkmenistan howaýollary" kompaniýasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Массовое ДТП с участием такси произошло на западе Москвы

Страдания юного Аюша Булчун

Новый стиль для Москвы

Захарова: Россия осудила покушение на премьера Словакии Фицо

Музыкальные новости

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

В Калининграде впервые состоялись всероссийские соревнования по самбо «Кубок пяти морей»

Россия, Бурятия, Культура и Дети: Байкальская театральная школа прошла в Иволгинском районе Бурятии

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Новости России

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

«Зенит» победил ЦСКА в серии пенальти в ответном матче Кубка России: в ходе матча тяжёлую травму получил армейский вратарь Тороп

Скандалы с арестами в Минобороны. Информация "под грифом": Что хранят секретные папки

Пашинян, Турция, Азербайджан и Запад реализуют план «Зангезурский коридор»

Экология в России и мире

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Moscow.media

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *