Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Itim — çempion. Biz ony tohumsyz etmelimi?" Gazagystanda öý haýwanlaryny saklaýjylar häkimiýetleriň täze düzgünlerine gaharlanýarlar

Gazagystanda arassa tohumly itleriň we pişikleriň eýelerini öý haýwanlaryny saklamak boýunça hökümet tarapyndan kabul ediljek täze düzgün gaharlandyrýar.

Gazagystanyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň öňki kanuna girizýän üýtgetmelerine şular degişli edildi:

öý itleriniň we pişikleriň ählisini hökmany sterilizasiýa – tohumlanmaz ýaly etmeli,

itleriň ähli görnüşine tumşuklyk geýdirmeli,

ýörite bellenilen ýerlerden başga ähli ýerde itleri gezdirmek gadagan.

Almaty şäheriniň ýaşaýjysy Anastasiýa Zýuzina 10 ýyldan gowrak wagt bäri itleriň arassa tohumyny ýetişdirýär, bu ugurdan ol Gazagystanyň içinde hem-de daşary ýurtlarda, köp sanly abraýly baýraklary almagy başardy. Mysal üçin, rotweýler (rottweiler) tohumyndan bolan üç ýaşly ganjyk Deýneris ýaşlygyna garamazdan, hem Gazagystanyň, hem Özbegistanyň çempiony bolmagy başardy. Anastasiýa itleri saklamagyň täze düzgünlerinden örän nägile hem-de indi Deýnerisiň nesil berip biljekdigine şübhelenýändigini aýdýar. Sebäbi hökümet tarapyndan taýýarlanan täze düzgünde, Gazagystanda ähli itleriň, hatda arassa tohumly gymmatly itleriň hem hökmany sterilizasiýasy – tohumsyzlanmagy öňe sürülýär.

«Biziň itimiz arassa tomundan! Biz munuň bilen halkara sergilerinde Gazagystany tanadýarys. Meniň ganjygym Deýneris köp sanly halkara sergileriň ýeňijisi. Ol Özbegistanyň çempiony, Gazagystanyň çempiony! — diýip, Anastasiýa Zýuzina nygtaýar. — Indi biz Gazagystanyň tohum jandarlaryny sterilizasiýa edip çykmalymy! Bu hereket biziň arassa ganly haýwanlarymyzyň azalmagyna hem köpelmezligine getirer, şoňa laýyklykda, bizde nesil itler hem bolmaz!»

Täze düzgüne laýyklykda jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda köpçülikleýin peýdalanylýan howlularda itleri gezdirmek gadagan edilýär. Gazagystanyň elektron-hökümet portalynda ara alnyp maslahatlaşylmak üçin ýerleşdirilen täze dokumente görä, itleriň erkin gezdirilmegine diňe ýörite bellenilen ýerlerde we itleriň endik öwredilýän meýdançalarynda rugsat berilýär. Ýeri gelende aýtsak, iki million ilaty bolan Almaty şäherinde, olaryň diňe 14 sanysy bar.

Şeýle-de, täze düzgüne laýyklykda, tohum aýratynlygyna garamazdan, gezelenje çykarylan ähli itlere tumşuklyk geýmelidigi bellenilýär. Öý haýwanlaryny saklaýanlaryň aýtmagyna görä, bu düzgünleri kabul edýänler ýörite bilermenler bilen maslahat geçirmändirler.

«Tumşuklyk geýdirmek meselesinde, itleriň tohum aýratynlyklary göz öňünde tutulmandyr: mops, rotweýler, örän gadymy tohumdan bolan çau-çau ýaly itlere tumşuklyk geýdirilmeýär. Bütin dünýädäki bu tohumly itlere tumşuklyk geýdirmek maksada laýyk hasaplanmaýar, beýle edilmeýär; sebäbi tumşuklyk ol itlere ýürek bilen baglanyşykly kynçylyk döredýär» diýip, kinolog merkeziniň direktory Aleksandr Bodnar düşündirýär.

Dokumentdäki aýratyn bentde itiň adama topulanda, edilmeli hereketler bellenilýär. Dokumente aýdylyşyna görä, adamlary ýa-da başga haýwanlary it ýarsa, ol 10 günläp daş-töweregi berk ýerde saklanmaly.

Dogrusy aýdylsa, täze düzgüniň käbir bentleriniň oňyn taraplarynyň bardygyny bellemek gerek. Mysal üçin, şolaryň biri pişigiň ýa-da itiň eýelerine haýwanlary uzak wagtlap gözegçiliksiz goýmak gadagan edýär, beýleki bir bentde haýwanlara edilýän zalymlyga ýol berilmesizdigi aýdylýar.

Täze düzgünnamanyň taslamasy boýunça pikir soralyşygy 6-njy aprelde tamamlandy. It eýeleri we arassa tohumlary ýetişdirijiler aslynda hiç hili pikir soralyşygyň bolmandygyny, Gazagystanyň häkimiýetleriniň adamlaryň bähbitlerini-de, has hem kanunda göz öňünde tutulan haýwanlaryň bähbitlerini-de nazara almandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Собянин подписал постановление о создании новых управ районов в ТиНАО

Кто временно возглавил регионы, где губернаторы ушли на повышение в Москву

В Подмосковье пройдет крупнейшее в России конное дерби

Фестиваль «Город танцует в парках» пройдет в Видном 2 июня

Музыкальные новости

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Новости России

Фестиваль «Московское долголетие в Интеграции» пройдет в районе Перово уже в третий раз

В Твери состоится открытие выставки художественной фотографии «Городские истории»

SHOT: манипулятор стрелой снес опору моста на ЦКАД в Подмосковье

На столичных ярмарках выходного дня появилась первая российская клубника

Экология в России и мире

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Большинство российских туристов к 2030 году пересядут на этот вид транспорта

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Осень в Хибинах...

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Под зеленым куполом







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *