Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşa yssydan soň gelen sowuk ekinleri urup zaýalady

Türkmenistanda howa sowap, temperatura noldan aşak düşdi. Ýurduň demirgazygynda gijelerine -5 ° çenli aýaz bolýar. Anna güni +40 gradusa çenli gyzan howanyň dynç günlerinde birden düýpgöter peselmegi oba ýerlerinde ekinlere zeper ýetirdi.

16-njy we 17-nji aprel gijesi Daşoguzda Saparmyrat Türkmenbaşy we Akdepe etraplarynda howanyň temperaturasy -3 ° C çenli peseldi. Ýerli ýaşaýjylar hasylyň gelejegini alada edýärler. Olar aýazyň miweli agaçlara, gök önümlere we ekin meýdanlaryna zeper ýetirendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Daşoguzdaky ýagdaý barada şeýle diýýär: "Bagbanlar miweli agaçlaryň miweleriniň tas hemmesiniň dökülendigini aýdýarlar. Adatdan daşary yssy gelen bahar sebäpli erik, alma we ülje agaçlary mart aýynyň ortalarynda hasyla durupdy. Indi bolsa aýaz sebäpli, hemmesi zaýalandy, ir pagta eken pagtaçy daýhanlaryň hem müňläp gekdar pagtalaryny sowuk urdy".

Azatlyk Radiosy bilen adynyň agzalmazlygy şertinde gürleşen ýerli agronom pes temperaturanyň ekinlere aşa zyýanlydygyny, miweli agaçlaryň hasylyny noldan aşak düşmedik pes temperaturanyň hem ýok edip biljekdigini belledi: "Daşoguz welaýatynda miweli agaçlaryň hasyly + 2 ° C temperaturada doňýar, gowaça + 1 ° C doňýar. Temperaturanyň + 35 ° C-dan -2 ° -3 ° C çenli peselmegi bilen, ýüzlerçe gektar kartoşka hem zeper ýetdi. Aýaz topragyň hasylly gatlagyna uly zyýan ýetirdi".

Adatdan daşary yssynyň ornuny tutan adaty bolmadyk sowuk, gök önümleriň, şol sanda teplisalarda ösdürilip ýetişdirilýän hasyla zyýan etdi.

"Kärendeçiler we bagbanlar tebigy şertlerden gelýän zyýany mümkin boldugyndan azaltmaga synanyşýarlar. Käbir daýhanlar miweli baglaryny sowukdan goramak üçin mal tezeklerini ýakyp, emeli tüsse döretdiler, emma şemalyň güýçli bolmagy mümkünçilik bermedi" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde howanyň temperaturasy hasam peseldi. Hususan-da, Kesekli, Gazakdegiş we Goşahowly obalarynda termometr -5 ° görkezdi. Pes temperaturanyň fonunda Daşoguzda duz garyndyly güýçli şemal turdy.

Habarçynyň sözlerine görä, ýeliň tizligi sekuntda 25 metre ýetdi. Üç günläp saklanan şemally howa sebäpli telefon aragatnaşygy we elektrik togunyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykdy.

Ýiti sowuk howanyň aralaşmagynyň täsirini Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem duýdular. Ýaşaýjylar ýyladyş enjamlaryny ulanmaga mejbur boldular. Temperaturanyň adatdan daşary üýtgemegi hasyla hem zeper ýetirdi.

"Ýel miweli agaçlaryň güllän nowçalaryny gaçyrdy, yssy topragyň çyglygyny guratdy. Suw onsuzam az. Suw berenlerinde hemişe üstünde dawa bolýar. Suw hemmä ýetmeýär, nobatlaýyn suwarmaly bolýar" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 17-nji aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, adatça maý aýynyň ahyrynda ýygnalyp başlanýan bugdaý Maryda entek boý almady.

Habarçy, ýerli ýaşaýjylaryň eýýäm un ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljeginden howatyrlanyp başladylar diýdi.

13-nji aprelde Maryda temperatura +41 gradusdan geçdi. Howa diňe bir yssy bolman, çäge bölejiklerini öz içine alýan güýçli tozanly şemal turdy.

Ondan öň howa maglumatyny neşir edýän “Meteožurnal” Türkmenistanda 12-nji aprelden 14-nji aprel aralygynda adatdan daşary yssynyň bolmagyna, howanyň +40 gradusa çenli gyzjagyna garaşylýandygyny habar beripdi. Maglumatda käbir ýerlerde aprel aýy üçin iň ýokary temperaturanyň hasaba alnyp bilinjekdigi bellenipdi.

Türkmen metbugaty adatdan daşary howa şertleri barada jikme-jik habar bermedi. "Altyn Asyr" döwlet telekanalynyň "Watan" habar programmasynyň 9-njy aprel gepleşiginde gije-gündiziň temperaturasynyň ýokarlanmagyna garaşylýandygy aýdyldy, ýöne anyk maglumat, şol sanda tozanly ýel ýa-da guraklyk agzalmady.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň territoriýasynda guraklyk, adatdan daşary yssy ýa-da aşa sowuk howa, suw joşmalary, güýçli ýel we duz tupanlary häli-şini emele gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Движение транспорта в центре столицы временно перекроют 18 мая

«Financial Times», Великобритания: Поездка Путина в Китай покажет, что американские угрозы — лишь самообольщение

Самолет Трампа столкнулся с другим лайнером в аэропорту во Флориде

«Замечаний немало»: Дмитрий Анисимов проверил парковки у ТЦ в трёх районах Кемерова

Музыкальные новости

Более 500 учащихся посетили Оренбургский ЛРЗ в рамках акции «Неделя без турникетов»

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Новости России

Несмотря на удары по нашим НПЗ, нефтяные доходы России в 2024 году выросли на 82%. Как такое могло произойти?

Самолет Трампа столкнулся с другим лайнером в аэропорту во Флориде

Тувинской рок-группы «Хартыга» выступит в Хакасии

В квартирах, домах и офисах генерала Кузнецова были проведены обыски

Экология в России и мире

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Спорт в России и мире

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000

Moscow.media

Осень в Хибинах...

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Краски севера IV







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *