Estoniýa Danske bankynyň alty işgärini pul ýuwmakda aýyplaýar
Estoniýanyň döwlet prokurory alty adamy Danske bankynyň Estoniýadaky bölüminde azyndan 1,6 milliard dollar we 6 million ýewro (6.58 million dollar) möçberindepul ýuwmakda aýyplady.
2007-nji we 2015-nji ýyllar aralygynda kiçijik bir bölüminiň rezident däl filialyndan edilen 200 milliard ýewro (219,5 milliard dollar) töweregi tölegiň üsti açylandan soň, bu bankyň Estoniýada alyp barýan işleri bikanun pul ýuwmak skandalynyň merkezine öwrüldi.
Aýyplaw netijesinde Russiýada, Azerbaýjanda, Gürjüstanda, Şweýsariýa, ABŞ-da we Eýranda edilendigi öňe sürülýän sekiz jenaýat işi hakynda gürrüň edilýär diýip, prokuratura edarasynyň beýanatynda aýdylýar.